Habarlaryň arhiwi (2017-10-12)

Türkmenistanyň Prezidenti GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşinde hyzmatdaşlygyň netijeli gurallaryny döretmek başlangyjyny öňe sürdi

Soçide GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşinde eden çykyşynda GDA-nyň ykdysady ulgamda özara gatnaşyklarynyň köpýyllyk tejribesine daýanmak bilen, biz hyzmatdaşlygyň netijeli gurallaryny döretmegiň mümkinçiliklerine seredip bilerdik, diýip belledi. Gurbanguly Berdimuhamedow syýasy ulgamda hyzmatdaşlyk baradaky gürrüňe geçip, Türkmenistanyň GDA döwletleri bilen hyzmatdaşlyga sarpa goýýandygyny, oňa Arkalaşygyň ähli ýurtlarynyň daşary gatnaşyklarynyň örän ähmiýetli bölegi hökmünde garaýandygyny nygtady. Şunuň bilen birlikde,...

Gurbanguly Berdimuhamedow russiýaly kärdeşine Wepaly atly alabaý güjügi sowgat berdi

11-nji oktýabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň agza ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Soçi (Russiýa Federasiýasy) şäherine geldi. Gara deňziniň gözel kenarynda ýerleşen «Radisson Blu Resort & Congress Centre» kaşaň myhmanhanasynyň Konresler merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşygy boldy. Russiýanyň baştutany türkmen kärdeşine Soçi şäherine gelip...

Türkmenistan we HHR innowasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürýär

11-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Tehnologiýalar merkezinde «Innowasiýalar, täze tehnologiýalary we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly I Türkmen-hytaý ylmy—innowasiýa forumy açyldy. Ol Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Ylym we tehniki ministrligi tarapyndan guraldy. Forumyň baş maksady—energiýanyň alternatiw çeşmeleri, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar, oba hojalygynda innowasiýalar, himiýa, seýsmologiýa, lukmançylyk, derman önümçiligi, biologiýa we beýleki ugurlarda Türkmenistandan we HHR-den...

2014