Habarlaryň arhiwi (2018-2-13)

Bir pökgi «Ahaly» toparçalara bir adim ýakynlaşdyrdy

Şu gün «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Ahal» futbol topary AFK-nyň kubogynyň saýlama tapgyrynda Täjigistanyň «Hujand» toparyny kabul etdi. Balkanabadyň 10 müň orunlyk sport toplumynda geçirilen duşuşyk 1:0 hasabynda türkmen futbolçylarynyň ýeňşi bilen tamamlandy. «Ahal» hem, «Hujand» hem geçen ýyl milli çempionatlarda we kubok ýaryşlarynda birmeňzeş netijeleri görkezdiler. Toparlaryň ikisi hem Türkmenistanyň we Täjigistanyň çempionatlaryny ikinji orunda tamamlap, ýurduň...

«Mawy kenar» bilelikdäki kärhanasy Balkan welaýatynyň çäklerinde nebit bilen hapalanan meýdanlary arassalamak işlerini geçirer

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmennebit» döwlet konsernine Balkan welaýatynyň çäklerinde nebit bilen hapalanan meýdanlary arassalamak barada «Mawy kenar» bilelikdäki kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. «Türkmennebit» döwlet konsernine Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti hem-de Balkan welaýatynyň häkimligi bilen bilelikde ýokarda agzalan işleri ýerine ýetirmegiň Tertibini işläp taýýarlamak we...

Almata şäherindäki sergide uglewodorodlardan türkmen halylary görkeziler

Türkmenistanda öndürilen, «Nowruz haly»  söwda belgili adaty bolmadyk haly önümleri 24-27-nji fewralda Almatada geçiriljek öý dokma senagatynyň (Central Asia Home textile).15-nji halkara sergisinde görkeziler. Bu sergi Gazagystanyň Central Asia Trade Exhibitions sergi kompaniýasy tarapyndan gurnalýar. ORIENT habarlar agentliginiň habar berşi ýaly, bu sergä gatnaşjak «Muhammet — Balkan» türkmen hojalyk jemgyýeti nebiti gaýtadan işlemegiň önümlerinden alynýan akril...

ÝB «Günorta gaz geçelgesi» boýunça Türkmenistandan we Gazagystandan gaz almagy meýilleşdirýär

Ýewropa Bileleşigi bilen Azerbaýjanyň hyzmatdaşlyk geňeşiniň mejlisinde «Günorta gaz geçelgesi» taslamasyny durmuşa geçirmegiň meseleleri maslahatlaşyldy. Azerbaýjanyň DIM-niň habarynda bellenilişi ýaly, taraplar «Günorta gaz geçelgesi» (GGG-niň) düzüm bölegi bolan Transadriatik turba geçirijisiniň gurluşygynyň meselelerine aýratyn üns berdiler. Bu barada ORIENT habarlar agentligi belleýär. Häzirki wagtda Brýussel azerbaýjan gazyny Günorta Ýewropa ýurtlaryna ibermekligi göz öňünde tutýan GGG taslamasyny...

2014