Habarlaryň arhiwi (2018-2-1)

Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň täjik böleginiň gurluşygyna başlandy

Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň täjik böleginiň gurluşygy başlandy. D diýlip atlandyrylýan bu şaha Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň üstünden geçip, türkmen «mawy ýangyjyny» Hytaýa ýetirer, diýip Orient habarlar agentligi habar berýär. Täjigistanyň energetika we suw serişdeleri ministriniň orunbasary Jamşed Şoimzodanyň HBS-iň wekilleriniň habar berşi ýaly, taslamalaşdyrmadan soňra, Rudaki etrabynda maliýeleşdirmä laýyklykda alnyp baryljak taýýarlyk...

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň DIM-leriniň ýolbaşçylary Prezident Ylham Aliýewiň Türkmenistana sapary bilen bagly meseleleri maslahatlaşdylar

31-nji ýanwarynda Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri E.Mamedýarowyň arasynda geçirilen duşuşykda Azerbaýjanyň Prezidenti Ylham Aliýewiň sapary bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär. Taraplar şeýle hem ikitaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlyk meselelerini şeýle-hem özara gyzyklanma bildirilýän ähmiýetli halkara meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly,...

Türkmenistanyň Prezidenti we Azerbaýjanyň DIM-niň ýolbaşçysy energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar

Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekilçilikli toparyna ýolbaşçylyk edip, Türkmenbaşy şäherine gelen Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri Elmar Magerram ogly Mamedýarowy, şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOСAR) maýa goýumlar we marketing boýunça wise-prezidenti Elşad Nasirowy kabul etdi. Azerbaýjanyň DIM-niň ýolbaşçysy döwlet Baştutanyna Azerbaýjanyň umumy bähbitlere gabat gelýän netijeli...

2014