Täzelikler

Azerbaýjan Hazarüsti turba geçirijisi boýunça Türkmenistanyň tekliplerine garamaga taýýar

Baku Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde energiýa serişdeleriniň üstaşyr geçirilmegini üpjün etmek boýunça türkmen tarapynyň tekliplerine garamaga taýýar. Bu barada Azerbaýjanyň daşary işler ministriniň orunbasary Halaf Halafow belledi. «Türkmen tarapynyň anyk teklip bilen çykyş eden ýagdaýynda, bu ugurdan ägirt uly tejribesi bolan ýurt hökmünde biz bu taslama garamaga taýýar... Biziň ýurdumyz energiýa serişdelerini...

Bize milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň ýokary depginlerini saklamak başartdy — Gurbanguly Berdimumahedow

4-nji dekabrda geçirilen hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti şu ýylyň 11 aýynda milli ykdysadyýetiň ösüşine baha berdi, döwletiň içerki syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynda durup geçdi, şeýle hem 2019-njy ýylda çözülmegi möhüm meselelere ünsi çekdi. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýlara we aýry-aýry pudaklaryň, esasan hem, nebitgaz toplumy bilen bagly işde kemçilikleriň bardygyna garamazdan, biz şu...

Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda 2018-nji ýylyň 11 aýynda ýangyç-energetika toplumynyň işiniň netijeleri maslahatlaşyldy

Sişenbe güni Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde milli ykdysadyýetiň pudaklarynda 2018-nji ýylyň 11 aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri jemlenildi. Mejlisiň barşynda degişli ýolbaşçylaryň, şol sanda ýurduň ýangyç-energetika toplumynyň hasabatlary diňlenildi. Hususan-da, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Myratgeldi Meredow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynda şu ýylyň 11 aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Nebit...

NEBIT WE GAZ: SANLAR HEM-DE MAGLUMATLAR

OPEC-niň (Nebiti eksport edýän ýurtlaryň guramasy) «Dünýä energetikasynyň statistika býulleteni 2018» atly neşirinde (Annual Statistical Bulletin 2018) 2017-nji ýylda dünýäniň energetika bazarynda bolup geçen üýtgeşmelere seljerme berildi. Ozal bolşy ýaly, Türkmenistan tebigy gazynyň tassyklanan gorlary boýunça dünýä liderleriniň hataryna girmek bilen, Russiýadan, Eýrandan we Katardan soň dördünji orny eýeleýär. «Mawy ýangyjyň» çykarylýan möçberi boýunça ABŞ, Russiýa, Eýran,...

Türkmen wekiliýeti Rumyniýada Energetika Hartiýasynyň Konferensiýanyň nobatdaky mejlisine gatnaşdy

2018-nji ýylyň 27-28-nji noýabrynda türkmen wekiliýeti Buharest şäherinde geçirilen Energetika Hartiýasynyň Konferensiýanyň 29-njy mejlisine gatnaşdy. Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynyň habar berşi ýaly, mejlisiň işine Energetika Hartiýasynyň agza-ýurtlarynyň wekiliýetleri, halkara guramalaryň, şeýle hem iri energetika kompaniýalarynyň, jemgyýetçiligiň hem-de KHBS-ň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda global energetika ugrunda ösüşine, durnukly energetika geljeginiň goldawyna, energetika netijeliligine Energetika Hartiýasynyň ähmiýeti bellenildi, şeýle...

Halkara saparyň çäklerinde ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Türkmenistana geler

ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekiliniň, ilçi Zalmaý Halilzadäniň ýolbaşçylygynda wekiliýet 2-20-nji dekabr aralygynda Pakistana, Owganystana, Russiýa, Özbegistana, Türkmenistana, Belgiýa, BAE we Katara sapary amala aşyrar. Bu barada ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň metbugat relizinde habar berilýär. Owganara ylalaşygyň öňe gitmegine jogap berýän amerikan ilçisi saparyň çäklerinde Owganystanyň hökümet wekilleri we gyzyklanma bildirýän beýleki hyzmatdaşlary bilen owgan halkyna öz...

Nebit 5 göterim gymmatlady: «Brent» - $62,4, «WTI» - $53,66

2018-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Moskwa wagty bilen 7:13-de «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 4,91 göterim ýokarlanyp, 62,4 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 5,38 göterim gymmatlap, 53,66 amerikan dollaryna barabar boldy. 1-nji dekabrda RF-iň Prezidenti Wladimir Putin Russiýa bilen Saud Arabystanynyň arasynda OPEC+ ylalaşygyny uzaltmak boýunça ylalaşygyň bardygyny, ýöne heniz möçberler...

Türkmenistanyň Mejlisi Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýany we Hazarýaka döwletleriniň hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşygyny tassyklady

Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň dördünji maslahatynda “Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýany tassyklamak hakynda”, şeýle hem Hazar deňzinde hyzmatdaşlyk etmek hakynda kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan goldanyldy we kabul edildi. Hususan-da, deputatlar “Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hazarýaka döwletleriniň Hökümetleriniň arasynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda”; “Ulag babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hazarýaka döwletleriniň Hökümetleriniň arasynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda”; “Hazar deňzinde...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 44-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan, Täjigistandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň dizel ýangyjyny satyn aldylar. ABŞ-dan, BAE-den we beýlekilerden gelen täjirler karbamidi (“Türkmenhimiýa” Döwlet konserni) ,...

Türkmenistanyň Mejlisi 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujetini kabul etdi

Geçen şenbe güni geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň dördünji maslahatynda deputatlar «Türkmenistanyň 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna garadylar we ony biragyzdan goldadylar. Resminama laýyklykda, 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujetini girdejiler we çykdajylar boýunça 83 mlrd 868,3 million manat möçberde bolar. Býujetiň girdejiler bölegi nebitgaz, himiýa, elektroenergetika we gurluşyk we beýlekiler ýaly wajyp önümçilik...

ООН и ЕС окажут поддержку мирных процессов в Афганистане

27-28-nji noýabrda Ženewada Milletler Köşgünde Owganystandaky ýagdaý boýunça halkara forum geçirildi. Onda owgan halkyna ýardam bermegiň raýatlyk taraplaryna seredilip geçildi. Resmi Kabul bilen BMG-niň bilelikde gurnan maslahatyna 61 döwletiň we 35 sany halkara guramalarynyň, şeýle hem raýatlar jemgyýetiniň, hususy toparlaryň we HBS-leriň wekilleri gatnaşdylar. — Owganystanyň goňşulary uzaga çekýän gapma garşylyklar bilen bagly uly howplara sezewar...

Nebit gymmatlaýar: «Brent» - $60,19, «WTI» - $51,61

2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Moskwa wagty bilen 7:53-de «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,46 göterim ýokarlanyp, 60,19 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 51,61 amerikan dollaryna barabar boldy. Treýderler geljek hepdäniň ortasynda geçiriljek duşuşykda bazary goldamak üçin OPEC+ ýurtlarynyň nebit çykarylyşyny çäklendirmeklerini ylalaşjakdygyna ynam edýärler, diýip Ria Nowosti habar berýär. Wenesuelanyň Prezidenti...

ÝTÖB 2019-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk strategiýasynyň taslamasyny hödürledi

2018-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin direktory Nil Makkeýniň ýolbaşçylygynda Aşgabada iş sapary bilen gelen wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda ýurdumyzda geçirilýän dürli halkara forumlarynda ÝTÖB-niň wekilleriniň işjeň gatnaşýandyklary üçin türkmen tarapy öz minnetdarlygyny aýtdy. Soňra, taraplar Türkmenistan bilen ÝTÖB-niň arasynda işjeň hyzmatdaşlygynyň...

Türkmenistan dünýä bazarlaryna çykmak üçin uly mümkinçiliklere eýe — Hallym (Koreýa Respublikasy) uniwersitetiniň ýanyndaky Rus barlag instituty

— Nebitgaz pudagynda giň mümkinçiliklere eýe bolan Türkmenistan ony ösdürmek boýunça ägirt uly taslamalary tapgyrlaýyn durmuşa geçirýär. Bu barada Hallym uniwersitetiniň ýanyndaky Rus barlag institutynyň ylmy hünärmeni Keng Wan Li aýtdy. — Bu günki maslahata türkmen nebitgaz konsernleriniň wekilleri, koreý kompaniýalarynyň we ylmy institutlarynyň wekilleri ýygnanyşdylar. Duşuşygyň baş maksady iki ýurduň arasyndaky nebitgaz hyzmatdaşlygyny mundan beýläk...

Aşgabatda türkmen-koreý nebitgaz hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meseleleri maslahatlaşyldy

Şu gün Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň ösüşi» atly maslahat geçirildi. Maslahaty «Türkmengaz» döwlet konserni we Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy gurnady. Türkmen tarapyndan maslahata «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, «Nebitgazhyzmat» ÝGPJ-niň, Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň we beýleki döwlet düzümleriniň işgärleri...

2014