Täzelikler

Türkmenistan we Ýaponiýa hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Ýewropa departamentiniň Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary bölüminiň başlygy Tomiýamo Mikitonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen syýasy geňeşmeler geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. Geňeşmeleriň başynda taraplar Türkmenistanyň hem-de Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklarynyň ýeten sepgitleri barada pikir alyşdylar. Soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda...

«Günorta gaz geçelgesi» taslamasynyň durmuşa geçirilmegi tamamlaýjy tapgyra gadam basdy

Azerbaýjan gazyny Ýewropa ibermäge niýetlenen «Günorta gz geçelgesi» taslamasynyň durmuşa geçirilmegi tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. Bu barada Howpsuzlyk boýunça Mýunhen konferensiýasynda Azerbaýjanyň energetika ministri Pýarwiz Şahbazow belledi, diýip TASS habar berýär. Azerbaýjan ministriniň sözlerine görä, ibermeleri 2020-nji ýylyň ahyrynda başlamak meýilleşdirilýär. «GGG» energiýa howpsuzlygy nukdaýnazardan alanyňda has Günorta-Gündogar Ýewropanyň bazaryna niýetlenen bolsa hem, geljekde ol has...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 58-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Şweýsariýadan, Türkiýeden, Owganystandan, Estoniýadan, Gyrgyzystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen az kükürtli ýangyç mazudyny, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, binýatlyk ýagy, dizel ýangyjyny, awtobenzini, owganystanly işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan...

Seul şäherinde hökümetara türkmen-koreý toparynyň nobatdaky mejlisi geçiriler

Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň ýedinji mejlisi Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul şäherinde geçiriler. Foruma görülýän taýýarlyk barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow geçen anna güni geçirilen hökümet mejlisinde hasabat berdi. Hususan-da, mejlisiň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek, söwda-ykdysady, maliýe we senagat ulgamlarynda, energetika hem-de mineral serişdelerini gaýtadan işlemek, ulag we...

Owganystanyň Prezidenti Aşraf Gani Türkmenistana resmi sapar bilen geler

Geljek hepdede Owganystanyň Prezidenti Aşraf Gani resmi sapar bilen Türkmenistana geler. Resmi sapara taýýarlyk barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow anna güni geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda döwletara gatnaşyklary täze many-mazmuna eýe boldy. Elektrik energiýasynyň we suwuklandyrylan gazyň ýeňillikli bahadan iberilmegi, Owganystanyň çäginde durmuş...

Nebit gymmatlaýar: «Brent» - $64,98, «WTI» - $54,72

Nebitiň dünýä boýunça bahalary ýokarlanýar. OPEC ýurtlarynda nebitiň çykarylyşynyň pese düşmegi netijesinde «Brent» söwda belgili nebitiň bahasy 2018-nji ýylyň güýzünden bäri iň ýokary derejesinde saklanýar. Moskwa wagty bilen 7:44-de «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,63 göterim ýokarlanyp, 64,98 amerikan dollaryna deň boldy. Anna güni bu görkeziji barreli üçin 65 dollara deň bolupdy, bu bolsa...

«Günorta gaz geçelgesi» Türkmenistandan we Gazagystandan hem gaz iberip biler — «SOCAR»

Azerbaýjan gazyny Ýewropa ibermegi göz öňünde tutýan «Günorta gaz geçelgesi» şeýle hem Türkmenistandan we Gazagystandan hem gaz iberip biler. Trend agentliginiň aboutenergy.com saýtyna salgylanyp habar berşi ýaly, bu barada «SOCAR» azerbaýjan döwlet kompaniýasynyň maýa goýumlar we marketing boýunça wise-prezidenti Elşad Nasirow italýan žurnalistlerine aýtdy. «Eger-de Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryna has köp gaz gerek bolsa, biz Türkmenistandan we...

Berlinde türkmen-german işewürler maslahaty geçirildi

Türkmenistanyň wekiliýeti 13-nji fewralda Berlinde «Deutsche Bank AG» binasynyň mejlisler zalynda geçirilen Türkmen-german işewürler maslahatyna gatnaşdy. Foruma GFR-iň DIM-niň, ykdysadyýet we energetika, oba hojalyk we azyk federal ministrlikleriniň, Halkara hyzmatdaşlygynyň nemes jemgyýetiniň, Telekeçilige ýardam etmek boýunça gündogar-ýewropa assosiasiýasynyň, Nemes ykdysadyýetiniň Merkezi Aziýadaky wekiliýetiniň, GFR-iň Söwda-senagat edarasynyň we 70-den gowrak iri kompaniýasynyň wekillerini ýygnady. Olaryň ýöriteleşen ugurlarynyň hatarynda...

OPEC+ ýurtlary ýanwar aýynda nebitiň çykarylyşyny 34 göterim azaltdylar

Nebitiň çykarylyşyny çäklendirmek gatnaşýan OPEC däl döwletler Gazagystanda nebit çykarylyşynyň artmagy we Russiýada hem-de Azerbaýjanda çäklendirmäniň derejesiniň pes bolmagy netijesinde ýanwar aýynda ylalaşygyň şertlerini diňe 25 göterim ýerine ýetirdiler. Bu barada Halkara energetika agentliginiň fewral aýyndaky hasabatynda aýdylýar, diýip TASS habar berýär. HEZ-nyň hasaplamalaryna görä, OPEC döwletleri ýylyň ilkinji aýynda nebitiň çykarylyşyny bellenilen meýilnamadan 86 göterim...

Azerbaýjan Türkmenistan bilen birnäçe resminamalary tassyklady

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň (parlamentiniň) 12-nji fewralda geçirilen plenar mejlisinde birnäçe azerbaýjan-türkmen resminamalary ara alnyp maslahatlaşyldy, diýip Trend habar berýär. Deputatlar Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň Prezidentleriniň Bilelikdäki beýanlaryny, «Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň çägi bilen halkara gatnawlaryna gatnaşyjylar üçin wiza düzgünlerini ýeňilleşdirmek boýunça Ylalaşygy», «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ulag, üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-azerbaýjan...

Nýu-Delide halkara nebitgaz forumy tamamlandy

12-nji fewralda Hindistanyň paýtagtyndaky «India Expo Centre & Mart» sergi merkezinde «PetroTech-2019» halkara nebitgaz maslahaty we sergisi öz işini tamamlady. Foruma türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Iri forumyň dowamynda onlarça döwletleriň wekilleri tebigy serişdeleriniň ägirt uly goruna eýelik edýän biziň döwletimiz bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirdiler. 7 müňden gowrak wekiliň gatnaşan forumynda nebitgaz ulgamynyň ileri...

«Günorta gaz geçelgesi» gaz iberijileriniň diwersifikasiýasyny goldaýar — ÝB

Hazar sebitinden Türkiýä we Ýewropa tebigy gaz ibermäge gönükdirilen «Günorta gaz geçelgesine» gaz iberijileriniň diwersifikasiýasy zerur. Bu barada 20-nji fewralda Bakuda geçiriljek «Günorta gaz geçelgesi» boýunça bäşinji konsultatiw geňeşiniň jemleýji jarnamasynyň taslamasynda bellenilýär. Jarnamanyň taslamasy ýanwar aýynda ÝB-niň Energetika iş topary tarapyndan oňlanyldy we häzir gutarnykly ylalaşmak üçin 28 döwletiň hemişelik wekillerine iberildi. «Biz «Günorta gaz...

OPEC+ bileleşige öwrüler

OPEC+ ylalaşygyna gatnaşyjy agza döwletler guramanyň düzgünnamasyny işläp düzdüler. Taslama laýyklykda, ony bileleşik diýip teklip edilýär. OPEC goldaw beriji gurama hökmünde çykyş eder. Garaşylyşy ýaly, bileleşik ýokary derejede kabul edilen hem-de gatnaşyjy agzalaryň arasynda hiç hili ýuridik häsiýetli hukuklara we borçlara getirmeýän borçnamalary meýletin ýerine ýetirmek ýörelgeleri esasynda hereket eder. Bileleşik ýurtlaryň öz tebigy serişdelerini dolandyrmak hukugyny...

Nýu-Delidäki «PetroTech-2019» maslahatynda TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilişi hakynda aýdyldy

Ýakyn wagtda Owganystan hyzmatdaşlary bilen Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça möhüm ylalaşyga gol çeker, diýip bu ýurduň dag magdan we nebit senagaty ministri Nargis Nehan şu günler Nýu-Deli şäherinde geçirilýän «PetroTech-2019» maslahatynyň ministrler böleginde belledi. Bu barada ORIENT habar berýär. Ministriň aýtmagyna görä, bu gün Owganystan gaz...

Türkmenistanyň Prezidenti: ýangyç-energetika toplumyna täze sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy nebitgaz pudagynyň ösmegi üçin täze mümkinçilikleri açýar

Nebitgaz pudagyny innowasion taýdan ösdürmek, «düşbi guýularyň» we «sanly ýataklaryň» taslamalaryny hasaba almak bilen, pudaklaýyn ylmy edaralaryň işiniň esasy ugurlarynyň birine öwrülmelidir. Bu wezipäniň möhümligi barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow geçen anna güni geçirilen hökümet mejlisinde belledi. Döwlet Baştutany nebitgaz pudagynda täze sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň zerurdygy barada aýdyp, munuň geologiýa-gözleg işleriniň, has çuň gatlaklarda ýerleşen ýangyç ýataklaryny...

2014