Habarlaryň arhiwi (2018-1-30)

Balkanabatdaky deňme-deňlikden soň «Ahal» saýlama ýaryşlaryň nobatdaky tapgyryna çykdy

Mundan bir hepde ozal Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde ýerli «Dordoý» topary bilen geçirilen duşuşykda ýeňiş gazanan «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Ahal» futbol topary şu gün Balkanabatda geçirilen jogap duşuşygynda hem ýeňilmedi. Hatda, edil birinji duşuşykda bolşy ýaly, bu gezek hem ilkinji pökgini «Ahalyň» futbolçylary geçirdiler. 40-njy minutda myhman toparyň derwezesine 11 metrlik jerime ugrusy bellenildi. Urgyny...

Nebitiň bahalary aşaklamagyny dowam edýär: «Brent» - $68,96, «WTI» - $64,86

30-njy ýanwarda Londonyň «ICE Futures» biržasynda «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,72 göterim pese düşüp, 68,96 amerikan dollaryna deň boldy. öňküsi gün nebitiň bu kysmynyň bahasy 1,5 göterim aşaklap, 69,46 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 1,07 göterim aşaklap, 64,86 amerikan dollaryna barabar boldy. Geçenki söwdalaryň netijesi boýunça olaryň bahalary 0,88...

Amyderýanyň sag kenaryndaky türkmen känleri СNРС Hytaýdan daşynda gaz çykarylyşyny artdyrmaga ýardam etdi

2017-nji ýylda Hytaý Milli Nebitgaz Korporasiýasy (СNРС) Türkmenistanda we Braziliýada geçirilen işleriň hasabyna daşary ýurt bilelikdäki taslamalaryň çäklerinde uglewodorodlaryň çykarylyşyny artdyrdy. Bu barada Reuters agentligi kompaniýanyň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär. Hususan-da, bellenilişi ýaly СNРС-niň Hytaýyň daşynda nebitgaz promyselleriniň önümçiligi 17 göterim artyp, 89,1 mln tonna nebite barabar boldy. Şol bir wagtda geçen ýylda çig nebitiň çykarylyşy 69...

Türkmenistan Azerbaýjana tebigy gazyň eksportyny alty esse artdyrdy

2017-nji ýylda Türkmenistan Azerbaýjana 1 milliard 761 million kub metr tebigy gaz eksport etdi. 2016-njy ýylyň degişli görkezijileri bilen deňeşdirilende 298 mln kub metr köpdür. Bu barada Reuters agentligi Azerbaýjanyň döwlet nebitgaz kompaniýasyna (SOCAR) salgylanyp habar berýär. Şeýlelikde Hazar deňzi boýunça türkmen gazynyň goňşy ýurda eksporty 5,9 esse artdy. Öňräk Azerbaýjanyň ýangyç-energetika toplumynyň wekilleriniň belleýşi ýaly,...

2014