Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzy 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny taýýarlamak meselelerine garady

Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda «Ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» taslamasyny işläp taýýarlamak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamanyň taslamasy barada hasabaty diňläp, pudaklary şol bir wagtyň özünde milli ykdysadyýetimizi köpugurly...

Türkmenistan we RF ýokary derejede duşuşyklary geçirmäge taýýarlyk görýär

Çarşenbe güni Moskwada Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Batyr Nyýazlyýew bilen Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Grigoriý Karasiniň arasynda duşuşyk geçirildi. «Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan meseleleri, şol sanda ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlyk görmek maslahatlaşyldy» - diýip Interfaks RF-iň DIM-niň saýtyna salgylanyp habar berýär.  ...

Türkmenistan we Bahreýn maýa goýum hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar

Bahreýniň Söwda-senagat edarasynyň wekili Muhammed Abdul-Jabbar al-Koheji bilen Türkmenistanyň ilçisi Orazmuhammet Çaryýewiň duşuşygynda Türkmenistan bilen Bahreýniň ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. Bu barada «Ahbar Al-Halij» («Aýlag ýurtlarynyň habarlary») gazeti habar berýär. Duşuşygyň dowamynda Al-Koheji Söwda-senagat edarasynyň ykdysadyýet, söwda we ösüş ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze derejä çykarmagy maksat edinýändigini belledi. Muňa iki ýurtdaky amatly maýa...

Hytaý ýakyn ýyllarda tebigy gazy iň iri import ediji ýurt bolmagynda galar

Ýakyn ýyllarda Hytaý tebigy gazy iň iri import ediji ýurt bolmagynda galar, diýip bilermenlr çaklaýarlar. Çaklamalara görä, 2020-nji ýylda HHR-de tebigy gazyň sarp edilişi ýylda 340 mlrd kub metre çenli artar, şolarda hususy çykarylyşy 220 mlrd kub metr, import – 120 mlrd kub metr gaza barabar bolar. 2023-nji ýylda, hasaplamalara görä, Hytaýda tebigy gazyň importy...

«Galkynyş» känindäki nobatdaky guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip atlandyrylan ýylda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň çäklerinde uly üstünlik gazandylar. Käniň 262-nji guýusynda tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy. «Türkmengaz» DK-nyň Tebigy gazyň ylmy-barlag institutynyň hünärmenleriniň hasaplamalaryna görä, bu ulanyş guýusy günde 1 mln 940 müň kub metr «mawy ýangyç» berýär. Ýokary tehnologik enjamlaryň we dünýä belli...

OPEC+ ministrler duşuşygy 17-18-nji aprelde geçiriler

OPEC+ 2019-njy ýylyň 17-18-nji aprelinde Wenada ministrler duşuşygyny geçirmegi meýilleşdirýär, diýip OPEC-iň baş sekretary Mohamed Barkindo žurnalistlere habar berdi. Bu barada TASS Bloomberge salgylanyp habar berýär. Bu duşuşykda OPEC+ ylalaşygynyň nebitiň çykarylyşyny gündelik 1,2 mln barrel çäklendirmek baradaky şertleri üýtgedilip bilner. OPEC+ ylalaşygynyň ministrler gözegçilik geňeşiniň ýakyndaky mejlisi 17-18-nji martda Bakuda geçiriler. Nebitiň çykarylyşyny günde 1,2 mln...

2018-nji ýylda nebitiň we gazyň importy boýunça Hytaý öňdeligi saklady

Hytaý 2018-nji ýylda dünýäde nebiti import ediji iň iri döwlet bolmagynda galdy, bu orny ol 2017-nji ýylda ABŞ alypdy. Geçen ýylda ýurduň importy 10,1 göterim artyp, 461,9 mln tonna nebite ýa-da günde 9,24 mln barrele deň boldy, diýip «Praým» habar berýär. Dekabr aýynda HHR-iň nebit importy ýyllyk aňlatmada 30 göterim artdy we 43,78 mln tonna ýa-da...

«Merkezi Aziýa — Hindistan» atly Dialogynyň birinji duşuşygynda hyzmatdaşlygy berkitmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

2019-njy ýylyň 12-13-nji ýanwarynda Samarkand şäherinde (Özbegistan Respublikasy) «Merkezi Aziýa — Hindistan» atly Dialogynyň daşary işler ministrleriniň derejesindäki birinji duşuşygy geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Hindistanyň, Owganystanyň daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda gatnaşyjy ýurtlaryň arasyndaky söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň çäklerinde taraplar...

Nebitgaz pudagynyň hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak aýratyn möhümdir — Prezident

Türkmenistanyň nebitgaz pudagy üçin inžener-tehniki işgärleri taýýarlamak meselelerine aýratyn üns berilmelidir. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow geçen anna güni Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde belledi. Onda döwlet ykdysady we durmuş syýasatynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, täze taslamalara hem-de milli maksatnamalary amala aşyrmak boýunça möhüm wezipelere seredildi, birnäçe resminamalar kabul edildi. Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýa Federasiýasyndan gelen telekeçiler poliropilen we polietilen satyn aldylar. Bulardan başga-da Russiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Maltanyň, Owganystanyň işewürleri tehniki kükürdi («Türkmenhimiýa» DK) satyn aldylar. Şeýle hem awtoulag, portlandsement, reňksiz list aýna, buýan köküniň ergini, ýorgan-düşek toplumlary, nah...

Maroş Şefçowiç fewral aýynda «Günorta gaz geçelgesi» boýunça gepleşikleri geçirer

Energetika Bileleşigi boýunça Ýewropa komissiýasynyň wise-prezidenti Maroş Şefçowiç şu ýylyň fewral aýynda Baku iş saparyny meýilleşdirýär. Onuň dowamynda ol «Günorta gaz geçelgesiniň» Konsultatiw geňeşiniň mejlisine gatnaşar. Bu barada «Report» azerbaýjan habarlar agentligi habar berýär. «Günorta gaz geçelgesi» Hazar sebitinden tebigy gazy Gruziýanyň we Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa ibermekligi göz öňüne tutýar. Birinji tapgyrda «Şah Deňiz» azerbaýjan gaz...

Türkmenistan ýapon hyzmatdaşlarynyň maýa goýum işjeňligini goldaýar – Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Owadandepede gurulýan, tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşlygynyň dowamynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we maýa goýum ulgamlarynda gatnaşyklaryň esasy meseleleri boýunça hasabat berdi. Wise-premýeriň belleýşi ýaly, hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, hususan-da, «Merkezi...

Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň deslapky synaglaryna badalga berdi

Penşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy, şol ýerde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň iri kärhanasynyň — Owadandepede gurulýan, tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Geçirilen gysgaça maslahatyň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow nebitgaz toplumyny, şol sanda gazy gaýtadan işleýän ulgamy mundan beýläk-de okgunly ösdürmek, ýurdumyzyň...

Nebitgaz buraw desgalarynyň sany 2018-nji ýylda artdy

2018-nji ýylda dünýäde hereket edýän nebit we gaz buraw desgalarynyň her aýdaky ortaça sany artdy. Geçen ýyl bu görkeziji 2017-nji ýyldaky 2029 bilen deňeşdireniňde 2211 birlige çenli artdy. Baker Hughes amerikan nebitgaz hyzmat kompaniýasynyň şaýatlyk etmegine görä, geçen aýda buraw desgalarynyň dünýä boýunça sany noýabrda 2266 bolanlygyndan 2244 desga çenli azaldy. Şol bir wagtda dekabrdaky görkeziji...

Baýramalyda gazhimiýanyň ýerli önümlerinden polimer önümleriniň önümçiligi ýola goýuldy

Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde polietilen paket we polipropilen turba önümlerini öndürýän hususy önümçilik kärhanasy işe girizildi. Dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan desga «Eşretli kenar» hususy kärhanasy bilen baglaşylan şertnama boýunça «Älemabat» hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary tarapyndan bina edildi. Kärhanada oturdylan tehnologik ulgam dürli polietilen örtüginiň 1800 tonnasyny hem-de diametri 20 — 60 millimetr bolan...

2014