Habarlaryň arhiwi (2018-3-19)

TOPH taslamasy sebitiň ykdysady taýdan ösmegi üçin möhüm itergi berer — Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasy sebitiň ykdysady taýdan ösmegi üçin möhüm itergi berer — diýip Türkmenistanuň Malaýziýadaky ilçisi Ýazguly Mämmedow malaysiandigeste beren interwýusynda belledi. Onuň bellemegine görä, 2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistanda gurluşygy badalga alan bu taslama diňe bir müňlerçe iş orunlaryny döretmek bilen çäklenmän, eýsem sebitiň ýurtlaryny elektrik energiýasy...

Nebitiň bahalary pese düşýär: «Brent» - $65,84, «WTI» - $62,02

2018-nji ýylyň 19-njy martynda Moskwa wagty bilen 7:052-de «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,56 göterim aşaklap, 65,84 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,5 göterim pese düşüp, 62,02 amerikan dollaryna barabar boldy. 16-njy martda Londonyň «ICE Futures» biržasynda «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 1,7 göterim ýokarlanyp, 66,21 amerikan dollaryna,...

Türkmenistan alternatiw we «nusgawy» energetikada ägirt uly mümkinçiliklere eýedir — AÖB

Türkmenistanyň alternatiw energetikany ösdürmekde ägirt uly mümkinçilikler bar. Bu barada geçen hepdede Aşgabatda geçirilen «Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk» (MASYH) maksatnamasynyň energetika ugry boýunça utgaşdyryjy komitetiniň 27-nji mejlisiniň işine gatnaşan Aziýa ösüş bankynyň energetika boýunça departamentiniň uly hünärmeni Soheil Hasni aýtdy, diýip ORIENT habarlar agentligi getirýär. — Bu ýerde eksport üçin elektrik energiýasyny öndürýän iň amatly...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 104-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Russiýa Federasiýasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Täjigistanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, suwuklandyrylan gazy, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, tehniki kerosini, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzini we...

2014