Habarlaryň arhiwi (2018-1-25)

Londonda türkmen-britan hyzmatdaşlygynyň meseleleri maslahatlaşyldy

2018-nji ýylyň 21-23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýeti nobatdaky ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleri geçirmek we Türkmen-Britan söwda senagat geňeşiniň altynjy mejlisine gatnaşmak üçin Londonda iş saparynda boldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýty habar berýär. Duşuşygyň barşynda syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklary has-da ýokarlandyrmaga gyzyklanmalarynyň bardygyny beýan edip, taraplar şunuň bilen baglylykda ikitaraplaýyn...

Hindistan Türkmenistanyň iri energetiki foruma gatnaşmagyna garaşýar

2018-nji ýylyň 10-12-nji aprelinde Hindistan, Hytaý we Günorta Koreýa bilelikde Nýu-Delide Halkara Energetika Forumynyň ministrler duşuşygyny geçirerler. Hindi HBS-leriniň Hindistanyň nebit we tebigy gaz ministrliginiň resmi wekiline salgylanyp habar bermegine görä, Türkmenistanyň hem çagyrylan duşuşygynyň gün tertibinde seredilip geçiljek mowzuklaryň biri TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy bolar, diýip Media-Turkmen Orient habarlar agentligi habar berýär. Çärä gatnaşmak üçin Hindistanyň...

TOPH taslamasy Türkmenistanyň energiýa serişdeleriniň eksport ugruny diwersifikasiýalaşdyrmaga mümkinçilik berer — ilçi

— TOPH taslamasy işjeň ýagdaýda durmuşa geçirilýär we bu günki güne çenli taslamanyň Türkmenistanyň çägindäki böleginiň gurluşygy doly tamamlandy diýen ýaly – diýip Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçisi Mekan Işankulyýew žurnalistleriň soraglaryna beren jogabynda aýtdy. Bu barada Trend belleýär. «Ýakynda Saud Arabystany tarapyndan bu taslamany durmuşa geçirmek üçin kredit bölünip berildi. Bu bolsa taslama diňe bir gatnaşyjy ýurtlaryň...

2014