Habarlaryň arhiwi (2018-1-31)

«Türkmennebitönümleri» baş müdirligi täze tehnikalary aldy

«Türkmennebitönümleri» baş müdirligine Russiýanyň «KAMAZ» önüm öndürijisiniň iň häzirki zaman tehnikasy berildi. Hususan-da, täze alnan tehnikalaryň arasynda müdirligiň işgärlerine ýangyç daşamak üçin niýetlenilen, ýük göterijiligi 10,5 tonna barabar bolan «KAMAZ-65115» kysymly ýöriteleşdirilen awtoulaglar berildi. Täze tehnikalar AÝGB-lara we «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň beýleki kärhanalaryna hyzmat eder. «Türkmennebitönümleri» baş müdirligine täze tehnikalaryň gelip gowuşmagy ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň kärhanalarynyň tehniki...

Hytaýda gaza bolan islegiň artmagy dünýä gaz bazarynda ýagdaýlary üýtgedýär

2018-nji ýylda iri nebitgaz kompaniýasy bolan CNPC-niň hünärmenleri Hytaýda tebigy gaza bolan islegi 258,7 mlrd kub metr möçberde bahalandyrýarlar. Şu möçberden 153,7 mlrd kub metr gaz ýurduň içinde çykarylyp, «mawy ýangyjyň» 105 mlrd kub metri bolsa import ediler, diýip Praým agentligi habar berýär. Günbataryň birnäçe agentlikleriniň hasaplamalaryna görä, 2018-nji ýylda Hytaýa iberilýän suwuklandyrylan tebigy gazyň möçberi...

TAP turba geçirijisi Bolgariýada gaza bolan islegiň 40 göterimini kanagatlandyrar

Azerbaýjan gazynyň Ýewropa iberilmegini göz öňünde tutýan Transadriatik turbageçirijisi (TAP) Bolgariýanyň gaza bolan isleginiň 40 göterimini kanagatlandyrar. Bu barada TAP-yň söwda we daşary aragatnaşyklar boýunça direktory Ulrike Andres Wenada geçirilen Ýewropa gaz konferensiýasynda belledi, diýip Trend habar berýär. «Tap we «Günorta gaz geçelgesi» energetika howpsuzlyk, diwersifikasiýa we dekarbonizasiýa ugrunda möhüm ädimler bolup durýar. TAP-yň üsti bilen...

Türkmenistanyň Prezidenti Senagat önümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisine gatnaşyjylara gutlag bilen ýüzlendi

Türkmenistanda ähli ugurlarda amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalar daşary ýurtly hyzmatdaşlarda uly gyzyklanma döredýär. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň şu gün Aşgabatda açylan Senagat önümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisine gatnaşyjylara gutlag hatynda bellenilýär. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda» Türkmenistanyň önümçilik toplumyny döwrebaplaşdyrmak, şeýle-de häzirki zamanyň döwrebap tilsimatlaryna...

2014