Habarlaryň arhiwi (2018-1-24)

Şu gün parlamente, ýerli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralaryna dalaşgärleri hödürlemek çäreleri başlanýar

24-nji ýanwarda Türkmenistanda parlamente, ýerli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralaryna dalaşgärleri hödürlemek çäreleri başlanýar. Degişli karar Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere bagyşlan mejlisinde kabul edildi. Mejlise Merkezi saýlaw toparynyň agzalary, Merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň işgärleri,...

Russiýa Owganystanda iri ykdysady we infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk etmäge taýýar — Sergeý Lawrow

Russiýa Federasiýasy Owganystanda iri ykdysady we infrastruktura taslamalaryny, şol sanda TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny we Merkezi Aziýa — Günorta Aziýa (CASA-1000) energiýa köprüsiniň gurluşygyny durmuşa geçirmek boýunça köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmäge taýýar. Bu barada RF-iň DIM-iniň ýolbaşçysy Sergeý LawrowBMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň Owganystanda we Merkezi Aziýada howpsuzlyk meseleleri boýunça mejlisinde beýan etdi, diýip Ashgabat.net saýty getirýär. S.Lawrowyň aýtmagynda...

Türkmenistan 2017-nji ýylda kerosiniň eksportyny 26 göterimden gowrak ýokarlandyrdy

2017-nji ýylda türkmen kerosininiň eksporty 26 göterimden gowrak ýokarlandyrdy. Ýurduň Statistika baradaky döwlet komitetiniň berýän maglumatlaryna görä, ýangyjyň bu görnüşinden daşary ýurtlara jemi 496,1 müň tonnasy iberildi. Bu barada Media-Turkmen Orient habarlar agentligi habar berýär. Eksport harytlarynyň aglaba bölegi Türkmenustanyň döwlet haryt-çigmal biržasynyň üsti bilen satyldy. Türkmenbaşynyň nebiti gaýtaýadan işleýän zawodlar toplumy 2017-nji ýylda meýilnamada bellenilen 517,1...

2014