Täzelikler

Hazaryň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa TAP boýunça gazyň eksportyny artdyrmaga ýardam eder – bilermen

Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V sammitiniň dowamynda gol çekilen Hazaryň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa Transadriatik (TAO) gaz geçirijisiniň üstünden geçirilýän gazyň möçberini artdyrmaga goşmaça ýardam edip biler. Bu barada Moskwanyň Halkara gatnaşyklary döwlet institutynyň Energetika syýasaty we diplomatiýa halkara institutynyň direktorynyň orunbasary, ykdysady ylymlarynyň kandidaty Igbal Guliýew Trende habar berdi. «Aktaudaky sammitiň çäklerinde ýene-de alty sany ylalaşyga...

Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri Soçide ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Pre­zi­den­ti­ Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Prezidenti Wla­di­mir Pu­ti­n So­çi şä­he­ri­nde res­mi däl ýag­daý­da türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi barada pikir alyşdylar. Gurbanguly Berdimuhamedow Türk­me­nis­ta­nyň we Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak esa­syn­da­ky döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­ýan stra­te­gik hyz­mat­daş­lar bo­lup...

Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri Soçide gepleşikleri geçirer

15-nji awgustda Soçide Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda gepleşikler geçiriler, diýip Ria Nowosti Kremliň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär. Garaşylyşy ýaly, duşuşygyň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady, ylym-bilim we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri, şeýle hem möhüm sebit meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar – diýlip habarda aýdylýar....

Hazar deňziniň hukuk derejesi boýunça Konwensiýanyň düzgünlerini ýerine ýetirmek boýunça topar güýzde Azerbaýjanda duşuşar

— Hazar deňziniň hukuk derejesi boýunça Konwensiýanyň düzgünlerini ýerine ýetirmek boýunça Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrlikleriniň derejesindäki ýörite iş topary güýzde Azerbaýjanda duşuşar, duşuşar diýip Gazagystanyň daşary işler ministri Kaýrat Abdrahmanow belledi, diýip Interfaks-Gazagystan habar berýär. «Eýýäm şu ýylyň güýzünde biziň toparymyzyň ýygnanşyp, gönüden göni işe başlajakdygy barada ylalaşyl bar. Deslapdan, gürrüň Azerbaýjanda geçiriljek duşuşyk barada...

BMG-niň Baş sekretary Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň kabul edilmegini «taryhy» ähmiýetli diýip atlandyrdy

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky konwensiýa gol çekilmegini goldady we ony sebit hyzmatdaşlygy ugrunda taryhy ähmiýetli resminama diýip atlandyrdy, diýip Interfaks habar berýär. «Bu taryhy resminama halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny goldamak üçin zerur bolan sebit hyzmatdaşlygynyň möhümligini görkezýär» diýlip BMG-niň Baş sekretarynyň beýanatynda aýdylýar. Baş sekretar Konwensiýa gol çeken döwletleri «sebit hyzmatdaşlygynyň...

GDA-da Merkezi Aziýa üçin şengen wizasynyň analogy dörediler

GDA döwletleri Merkezi Aziýa döwletleri üçin bütewi wiza giňişligini döretmekligi meýilleşdirýärler, diýip ORIENT habarlar agentligi belleýär. Bu gadymy döwürlerde Merkezi Aziýa döwletleriniň çäklerinden Beýik Ýüpek ýolunyň geçendigi, häzirki wagtda bolsa dünýäniň bazarlarynda bu taryhy fenomen bilen baglanyşykly ähli syýahatçylyk önümleriniň ýokary islegden peýdalanýandygy bilen baglanyşyklydyr. Merkezi Aziýa döwletleri üçin «Ýüpek ýoly» bütewi syýahatçylyk wizasyny döretmegiň meseleleri GDA...

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda Strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky şertnama ýuridik güýjüne girýär

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda Strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky şertnama ýuridik güýjüne girýär. 2018-nji ýylyň 11-nji awgustynda 5-nji Hazar  sammitiniň öňüsyrasynda Aktau şäherinde 2017-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda W.W.Putiniň Türkmenistana resmi saparynyň dowamynda  Aşgabatda gol çekilen, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnamanyň tassyklanandygy baradaky hatlary alyşmak dabarasy boldy. Hatlary alyşmak baradaky degişli Teswirnama iki ýurduň Daşary...

«Balkan» gämigurluşyk we gämi abatlaýyş zawody nebit önümlerini eksport etmek üçin tanker flotuny ösdürmegi meýilleşdirýär

Türkmenbaşy şäherinde ýerleşýän «Bal­kan» gä­mi­gur­lu­şyk we gä­mi abat­la­ýyş za­wo­dy ne­bi­t önüm­le­ri­ni eks­port et­mek üçin tan­ker flo­tu­ny ös­dür­megi meýilleşdirýär. Bu barada Pre­zi­den­t Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­na bar­yp, bu ýer­de işiň gu­ra­ly­şy bi­len ta­nyş­lygynyň çäklerinde «Bal­kan» gä­mi­gur­lu­şyk we gä­mi abat­la­ýyş za­wo­dynyň wezipeleri bilen bagly eden çykyşynda aýdylýar. Muny ORIENT habarlar agentligi...

Nebitiň bahalary durnuksyz: «Brent» - $72,62, «WTI» - $67,59

13-nji awgustda nebitiň bahalary bir depginde saklanmaýar. Moskwa wagty bilen 8:36-da «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,26 göterim aşaklap, 72,62 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,06 göterim pese düşüp, 67,59 amerikan dollaryna barabar boldy. Şol bir wagtda dollaryň hümmetiniň berkidilmegi nebitiň bahalaryna goşmaça täsir edýär, çünki ol nebiti başga walýutasy bolan...

TOPH gaz geçirijisiniň bir şahasy Hytaýa hem ugrukdyrylyp biler

HHR Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň Pakistanyň territotiýasyndan başlanýan bir şahasyny gurmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär, diýip «Halkara gaz ulgamlary» (ISGS) pakistan döwlet kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Mobin Saulat beýan etdi, diýip ORIENT agentligi Firstpost neşirine salgylanyp habar berýär. 2018-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisi...

Nobatdaky Hazar sammiti Türkmenistanda geçiriler

Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI Hazar sammitini Türkmenistanda geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada Hazarýaka döwletleriniň Liderleriniň Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirilen duşuşygynyň netijesi boýunça kabul edilen jemleýji maglumatynda bellenilýär, diýip Orient habarlar agentligi habar berýär. Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, hä­zir­ki wagt­da Ha­zar deň­zi­niň äh­mi­ýe­ti onuň geog­ra­fi­k çäk­le­rin­den has giň ge­ri­me eýe­dir. Ol geo­sy­ýa­sy we yk­dy­sa­dy ýag­daý­la­ryň mö­hüm...

Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlary Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýany kabul etdiler

12-nji awgustda Gazagystanyň Aktau şäherinde V Hazar sammiti geçirildi. Onuň dowamynda Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Il­ham Ali­ýew, Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Ha­san Ru­ha­ni, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­tin, Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti Nur­sul­tan Na­zar­ba­ýe­w, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­dent­i Gurbanguly Berdimuhamedow Ha­zar­da dür­li ul­gam­lar­da hyz­mat­daş­lyk et­me­giň hu­kuk...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geleşikleriň 17-si bellige alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystandan gelen telekeçiler “B” kysymly karbamidi (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Şeýle hem daşary ýurt puluna reňksiz list aýnalar, portlandsement, nah ýüplük ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Özbegistan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Ermenistan we Owganystan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 2 million 532 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat...

YHG-SSE-ň Baş sekretary TOPH taslamasy boýunça Stambul şäherinde brifing geçirmek barada teklibini aýtdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde  geçirilen duşuşykda YHG-SSE-ň Baş sekretary Adem Kula Türkmen tarapyndan amyla aşyrylýan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisi ýaly taslamalar boýunça Stambul şäherinde brifing geçirmek barada teklibini aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär. Şeýle hem myhman, beýle çäräniň geçirilmegi bilen YHG-ň başga gatnaşyjy döwletleriniň ünsüni çekip boljakdygyny...

Nebitiň bahalary durnukly: «Brent» - $72,10, «WTI» - $66,75

2018-nji ýylyň 10-njy awgustynda Moskwa wagty bilen 8:21-de «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 72,10 amerikan dollaryna çenli gymmatlady. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 66,75 amerikan dollaryna barabar boldy. 9-njy awgustda Londonyň «ICE Futures» biržasynda «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,21 göterim pese düşüp, 72,07 amerikan dollaryna, şeýle-de Nýu-Ýorkuň «NYMEX» haryt biržasynda «WTI»...

2014