Habarlaryň arhiwi (2017-11-24)

Nebitiň bahalary dürlüçe üýtgeýär: Brent - $63,35, WTI - $58,43

24-nji noýabrda 7:41 wagta çenli ýagdaýa görä, «Brent» söwda belgili nebitiň ýanwardaky fýuçersleri 20 sent (0,3 göterim) aşaklap, barreli 63,35 dollara deň boldy. WTI-niň ýanwardaky fýuçersleriniň bahasy 41 sent (0,7 göterim) ýokarlanyp, barreli 58,43 dollara deň boldy. 23-nji noýabrdaky söwdalaryň barşynda «Brent» söwda belgili nebitiň ýanwardaky fýuçersleriniň bahasy Londondaky ICE Futures biržasynda 0,23 dollar (0,4 göterim)...

Türkmenistanda we Russiýada BK-lary döretmäge giň mümkinçilikler bar — Aşgabatdaky ykdysady foruma gatnaşyjylar

Bilelikdäki türkmen-rus kärhanalaryny döretmek bu günki gün ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň biri bolup durýar. Aşgabatda geçirilen VI türkmen-rus ykdysady foruma  gatnaşyjylar şular ýaly pikirleri öňe sürdüler. «Mende haryt bar – sende pul» usuly boýunça ýönekeý söwda operasiýalarynyň möwriti geçdi. Indi köpugurly hyzmatdaşlygyň has çylşyrymly görnüşlerine geçmeli» diýip RF-iň SSE-niň wise-prezidenti Wladimir Padalko forumyň çeklerinde belledi. Onuň...

OPEC 30-njy noýabrdaky maslahatyna 20 sany täze döwleti çagyrmak isleýär, birnäçesi eýýäm çakylykdan ýüz öwürdi

OPEC nebit bazaryny deňagramlaşdyrmak üçin nebit çykarylyşyny çäklendirmek boýunça ylalaşyga gatnaşyjy döwletleriň sanyny artdyrmaklygyň mümkinçiliklerini gözleýär, diýip Bloomberge salgylanyp Interfaks agentligi habar berýär. Hususan-da, Norwegiýa, Latyn Amerikasy ýurtlaryndan — Argentina, Boliwiýa, Braziliýa, Kolumbiýa, Afrika ýurtlaryndan — Benin, Kamerun, Çad, Kongo, Kongo Demokratik Respublikasy, Müsür, Gana, Kot d'Iwuar, Niger, Mawritaniýa, GAR, şeýle hem bir ýyl mundan ozal...

2014