Habarlaryň arhiwi (2017-11-3)

Russiýanyň «BHG – Gaz turbinalary» PJ «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2017-de» iň täze işläp taýýarlamalary bilen tanyşdyrýar

Aşgabatda 2017-nji ýylyň 2-4-nji noýabrynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2017» sergisinde birleşdirilen hereketlendiriji gurujy korporasiýasy (BHG, Rosteh döwlet korporasiýasyna girýär) gazturbina desgalary we gazy hem-de elektroenergiýany ibermek üçin enjamlar ulgamynda iň täze işläp taýýarlamalary bilen tanyşdyrýar. — Nebitgaz pudagynda iri möçberli infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirýän Türkmenistan senagat maksatly gazturbina tehnikalaryny ilerletmek üçin öňüne çekiji...

Biz mundan beýläk hem Türkmenistan bilen energetika ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmegi meýilleşdirýäris — Rasim Weliýew («SOCAR»)

Bu günki geçirilýän «Nebit we gaz – 2017» atly sergi we maslahat Türkmenistanyň ösüşiniň ýokary depginlerini we dünýä jemgyýetçiligi, şol sanda biziň kompaniýamyz tarapyndan siziň ýurduňyzyň nebitgaz toplumyna bolan gyzyklanmasyny aýdyň görkezýär, diýip «SOCAR» azerbaýjan kompaniýasynyň ylym we tehnika bölüminiň ýolbaşçysynyň orunbasary «Nebit-Gaz» gazetine beren interwýusynda aýtdy. Men 35 ýyldan gowrak «SOCAR» kompaniýasynda işleýärin. Ýaş wagtlarym...

Energetika we ulag ulgamlary — Türkmenistan bilen Täjigistanyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary

2-nji noýabrda irden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Täjigistan Respublikasyna bardy. Özara ynanyşmak we işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň we Täjigistanyň Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, häzirki ýagdaýy hem-de geljegi nazara almak bilen onuň esasy ugurlaryny anyklaşdyrdylar. Iki ýurduň Liderleri söwda-ykdysady, energetika, ulag ulgamlarynda we beýleki birnäçe pudaklarda...

Duşenbede Türkmenistanyň we Täjigistanyň işewür toparlarynyň wekilleri hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmagyň ýollaryny maslahatlaşdylar

1-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna boljak resmi sapary mynasybetli Duşenbe şäherinde türkmen-täjik işewürler maslahaty geçirildi. Türkmen wekiliýetiniň düzümine dürli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şol sanda Maliýe we ykdysadyýet, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklary, Demir ýol ulaglary, Oba we suw hojalyk, Senagat, Gurluşyk we binagärlik, Dokma senagaty, Medeniýet ministrlikleriniň, şeýle hem “Türkmenhimiýa” we “Türkmennebit”...

2014