24-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet syýasatynyň möhüm meselelerine hem-de resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew 20-21-nji noýabrda Owganystan Yslam Respublikasyna bolan iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi. Bu ýerde geçirilen duşuşyklaryň barşynda 2018-nji ýylyň fewral aýynda Owganystanyň çäginde TOPH gaz geçirijisiniň, kuwwaty 500 kWt bolan...