Täzelikler

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 53-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Estoniýadan, Gruziýadan, Gazagystandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen az kükürtli ýangyç mazudyny, nebit ýol bitumuny satyn aldylar. Şweýsariýadan, Gonkongdan, Gazagystandan we beýleki ýurtlardan...

ÝHHG Türkmenistanda energetika infrastrukturasynyň desgalarynyň terrorçylyk häsiýetli kiber hüjümlerinden goragy boýunça amaly okuw gurady

17-18-nji oktýabrynda Türkmenistanyň paýtagtynda töwekgelçiliklere baha bermek we howply ýagdaýlary dolandyrmak boýunça amaly okuw kursy geçirildi. Bu çäre Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Aşgabatdaky Merkezi we ÝHHG-niň Sekretariatynyň Transmilli howplara garşy hereket etmek boýunça Departamenti tarapyndan gurnaldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär. Energetika infrastrukturasynyň desgalaryna gönükdirilen terrorçylyk häsiýetli kiber hüjümlerine taýýar bolmak we olara bolan...

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň söwda we maýa goýumlar ministri bilen bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-saud toparynyň altynjy mejlisiniň işine gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, türkmen paýtagtyna gelen Saud Arabystany Patyşalygynyň söwda we maýa goýumlar ministri Majid bin Abdulla Al Kasabi bilen duşuşykda iki ýurduň milli ykdysadyýeti üçin ileri tutulýan bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy. Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň däp bolan...

Hökümetara türkmen-saud toparynyň mejlisinde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ugurlary kesgitlenildi

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-saud hökümetara toparynyň altynjy mejlisi geçirildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, wise-premýer Myratgeldi Meredow, döwlet düzümleriniň, şol sanda iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Toparyň işine gatnaşmak üçin Saud Arabystany Patyşalygynyň söwda we maýa goýumlar ministri Majid bin Abdulla...

Gurbanguly Berdimuhamedow täze Gyýanly GHT-niň ýanynda bag nahalyny oturtdy

Gyýanlydaky polimer zawodynyň açylyş dabarasyndan soňra Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow täze gazhimiýa toplumynyň ýanynda ilkinji agaç nahalyny oturtmak bilen, güýzki bag ekmek möwsümine badalga berdi. Döwlet Baştutanynyň başlangyjyna ýygnananlaryň ählisi agzybirlik bilen goşuldylar. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň, şeýle hem Türkmenistanda işleýän diplomatik korpusyň wekilleri we daşary ýurtly myhmanlar türkmen topragynyň gözelligini has-da artdyrjak çärä gatnaşdylar. Ýurdumyzyň hünärmenleriniň baha...

Nebitiň bahalary ýokarlanýar: «Brent» - $80,08, «WTI» - $69,81

2018-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Moskwa wagty bilen 8:13-de «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,03 dollar ýokarlanyp, 80,08 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,06 dollar gymmatlap, 69,81 amerikan dollaryna barabar boldy. 17-nji oktýabrda Londonyň «ICE Futures» biržasynda «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 1,36 dollar pese düşüp, 80,05 amerikan dollaryna,...

«LG International» we «Hyundai Engineering» kompaniýalary Türkmenistanda täze taslamalary işe girizmäge gyzyklanma bildirýärler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň “Hyundai Engineering Co., Ltd” kompaniýasynyň prezidenti we baş ýerine ýetiriji direktory Sung Sang-Rok hem-de “LG International Corporation” kompaniýasynyň prezidenti, baş ýerine ýetiriji direktory Song Çi Hon bilen duşuşygynda nebitgaz we himiýa pudaklarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy. Döwlet Baştutanynyň daşary ýurtly işewürler bilen duşuşygy Hazaryň türkmen kenarynda...

Türkmenistanyň Prezidenti Gyýanlydaky GHT-niň tehnologiýalary bilen tanyşdy

Gyýanlydaky gazhimiýa toplumynyň açylyş dabarasynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow düwmäni basmak arkaly polimer zawodyny işe girizdi we zawodda ornaşdyrylan tehnologiýalar bilen tanyşdy. Bahasy 3 milliard 400 million amerikan dollaryna deň bolan bu taslama “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan daşary ýurtly hyzmatdaşlar — “LG International Corp”, “Hýundai Engineering” (Koreýa Respublikasy), şeýle hem “TOYO Engineering Corporation” (Ýaponiýa) kompaniýalary bilen bilelikde...

Gyýanlydaky gazhimiýa toplumy daşary ýurt guramalarynyň sertifikatlary bilen sylaglandy

Türkmenistan senagatda, şol sanda nebitgaz, elektrik energetikasy we himiýa pudaklarynda döwrebap, ekologiýa taýdan howpsuz we serişde tygşytlaýan döwrebap tehnologiýalary ulanmaga uly üns berýär. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň kenarýaka zolagynda Gyýanlyda gazhimiýa toplumynyň açylyş dabarasynda belledi. Dabaranyň dowamynda täze önümçilik toplumynyň netijeliligini, innowasionlygyny we ekologiýa howpsuzlygynyň tassyklaýan şahadatnamalary gowşurmak çäresi geçirildi. Täze toplumyň önümçilik kuwwaty ýylda...

Gyýanlyda täze polimer zawodynyň açylyş dabarasy başlandy

Şu gün irden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda tebigy gazdan polietilen we polipropilen öndürýän Gyýanly gazhimiýa toplumynyň açylyş dabarasy başlandy. Bu toplum sebitde önümçilik kuwwaty ýylda 5 milliard kub metr tebigy gazy gaýtadan işlemäge, 381 müň tonna ýokary dykyzlykly polietilen, 81 müň tonna polipropilen we içerki hem-de daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan...

Gurbanguly Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýewi Türkmenistana resmi sapar bilen gelip görmäge çagyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meselelerini maslahatlaşdy. Iki ýurduň Liderleri döwletara gatnaşyklaryň okgunly depginini kanagatlanma bilen bellediler. Bu gatnaşyklar gadymdan gözbaş alýan doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna daýanyp, mazmun taýdan ýylsaýyn baýlaşýar. Söhbetdeşligiň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewe Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň...

Kabulda TOPH gaz geçirijisi boýunça forum açyldy

15-nji oktýabrda Kabulda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyna bagyşlanan sergi açyldy. Sergi hususy taraplary bu iri möçberli taslama gatnaşmaga çekmeklige bagyşlandy. TOPH-nyň sergi komiteti taslama gatnaşyjy döwletlerde sergi görkezişlerini geçirmek üçin Owganystanda döredildi. Bu çäre ilkinji gezek geçirildi. Tolonews owgan saýtynyň habar berşi ýaly, oňa 20 sany kompaniýa gatnaşdy. Komitetiň...

Pudak maslahatynda ÝET-niň 2018-nji ýylyň 9 aýynyň jemleri jemlenildi

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Myratgeldi Meredowyň ýolbaşçylygynda nebitgaz toplumynyň kärhanalarynda 2018-nji ýylyň geçen dokuz aýynda edilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat maslahaty geçirildi. Maslahatyň başynda wise-premýer M.Meredow Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Ykdysadyýet we maliýe pudaklarynyň ösüşini dolandyrmak müdirliginiň ýolbaşçysy Akjeren Allanurowa söz berdi. Ol öz çykyşynda Halk Maslahatynyň çözgüdine laýyklykda, geljek...

Hökümet mejlisinde ÝET ulgamynyň 2018-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlary boýunça jemleri jemlendi

Geçen anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2018-nji ýylyň 9 aýy boýunça Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijeleri jemlendi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny” ýerine ýetirmegiň barşy, gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda amala aşyrylan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hususan-da, habar berlişi ýaly, nebitiň gaz...

Nebit gymmatlaýar: «Brent» - $81,4, «WTI» - $72,08

15-nji oktýabrda irden nebitiň dünýä boýunça bahalary 1 göterimden gowrak gymmatlady. Moskwa wagty bilen 8:32-de «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 1,21 göterim ýokarlanyp, 81,4 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 1,04 göterim gymmatlap, 72,08 amerikan dollaryna barabar boldy. Amerikan senatorlary «Magnitskiniň aktynyň» çäklerinde Saud Arabystanyna garşy çäklendirmeleri girizmek meselesini goýdular. Bu...

2014