Habarlaryň arhiwi (2017-10-26)

Nebitgaz toplumynyň işgärlerine baýramçylyk medallary gowşuryldy

Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Maksat Babaýewiň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygy mynasybetli döwlet sylaglaryny we hormatly atlary dakmak dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, özygtyýarly Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine, halkara abraýynyň artmagyna, senagaty, nebitgaz toplumyny ýokary depginli ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça goşan uly goşantlary,...

Garaşsyzlyk güni mynasybetli 1600-den gowrak iş kesilen raýatlaryň günäsi geçildi

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli, beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow iş kesilen 1636 raýatymyzyň, şeýle hem daşary ýurt raýatlarynyň birnäçesiniň günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi. Döwlet Baştutanynyň 25-nji oktýabrda geçiren giňişleýin mejlisinde belleýşi ýaly, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlarymyzyň...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet sylaglary gowşuryldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 25-nji oktýabrda Ministrler Kabinetiniň şanly baýramçylygyň öňüsyrasyndaky giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere garaldy. Mejlisiň dowamynda milletiň Lideri zähmetde we gullukda tapawutlanyp, oňat netijeler gazanan raýatlarymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak, şeýle hem hukuk goraýjy we harby edaralaryň gullukçylaryna nobatdaky harby atlary dakmak...

2018-nji ýylda Baku — Tbilisi — Jeýhan nebit geçirijisi boýunça Türkmenistandan iberilýän nebitiň geçirimleri artar

Türkmenistan BKJ (Baku – Tbilisi – Jeýhan) nebit geçirijisi boýunça sarp edijilere iberýän nebitiniň geçirimlerini artdyrar. Bu barada azerbaýjan döwlet kompaniýasynyň marketingi we ykdysady gatnaşyklary dolandyryş müdirliginiň ýolbaşçysy Adnan Ahmedzade beýan etdi, diýip Trend habar berýär. Azerbaýjan kompaniýasynyň wekiliniň sözlerine görä, Türkmenistan 2017-2018-nji ýyllarda çig maly ibermek boýunça degişli ylalaşyk baglanyşdy we şu ýyl eksport edilýän...

2014