Habarlaryň arhiwi (2017-10-23)

Duşenbede ýokary derejeli saparlary gurnamak meseleleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berlişi ýaly, geçen hepdede Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Duşanbe şäherinde iş sapary bilen boldy. Saparyň çäklerinde Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary N.Zohodi we Tajigistanyň Daşary işler ministrliginiň protokol müdirliginiň başlygy Ş.Niýozow bilen duşuşyklar boldy. Gepleşikleriň barşynda esasy üns ýokary derejeli saparlary gurnamak meselelerine berildi. Şeýle-hem, taraplar...

Nebit gymmatlamagyny dowam edýär: Brent - $57,89, WTI - $52,09

23-nji oktýabrda 7:58 wagta çenli ýagdaýa görä, Brent kysymly nebitiň dekabrdaky fýuçersleriniň bahasy 14 sent ýokarlanyp (0,2 göterim), barreli 57,89 dollara deň boldy. WTI kysymly nebitiň noýabrdaky fýuçersleriniň bahasy 25 sent ýokarlanyp (0,5 göterim) gymmatlap, barreli 52,09 dollara deň boldy. Bu barada nebitgaz habarlar agentligi belleýär. 20-nji oktýabrdaky söwdalaryň netijeleri boýunça Brent kysymly nebitiň dekabrdaky fýuçersleriniň...

OPEC+ ylalaşygynyň sentýabr aýynda ýerine ýetirilişi 120 göterime deň boldy

Nebit çykarylyşyny çäklendirmek boýunça OPEC+ ylalaşygyna gatnaşýan ýurtlar 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda borçnamalaryny 120 göterim ýerine ýetirdiler, diýip TASS OPEC-iň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär. «OPEC+ ylalaşygynyň sentýabr aýynda ýerine ýetirilişi 120 göterime deň boldy» diýlip habarda aýdylýar. Şeýle hem bellenilişi ýaly,  OPEC-iň ministrler gözegçilik komiteti nebit bazarynyň deňagramsyzlaşmagyna täsir edýän faktorlary yzarlamagyny dowam eder. «Ylalaşygy mundan beýläk...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 51-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan we başga ýurtlardan gelen telekeçiler awtoulag benzinini, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen parafin gaçy satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt walýutasyna dokma senagatynyň dürli görnüşli önümlerini, maşyngurluşyk enjamlary, nah ýüplük we matalar, pagta süýümi, buýan köki, arassalanan nah...

2014