Täzelikler

Pakistanyň wekiliýeti «TGC — 2019-a» gatnaşar we TOPH boýunça gepleşikleri geçirer

Pakistanyň premýer-ministriniň ýörite kömekçisi Nadim Babaryň ýolbaşçylygyndaky hökümet wekiliýeti iş sapary bilen Aşgabada geldi. Wekiliýet 21-nji maýda başlanýan Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresine gatnaşar, «Türkmengaz» döwlet konserninde, «TAPI Pipeline Company Limited» kompaniýasynda işewür duşuşyklary geçirer, şeýle hem Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň taslamasyna gatnaşyjy beýleki taraplar bilen bu gaz...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 63-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Maltadan, Gruziýadan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, uçar kerosinini, az kükürtli ýangyç mazudyny, Russiýa Federasiýasyndan, Şweýsariýadan, Özbegistandan we beýleki ýurtlardan gelen täjirler Gyýanlynyň...

«Täjibaý» diýen geljegi uly meýdançadaky täze guýudan tebigy gazyň senagat akymy alyndy

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň çäklerinde ýerleşen «Täjibaý» diýen geljegi uly meýdançada 2 müň 400 metr çuňlugy bolan guýynyň buraw işleri tamamlady. Netijede şol ýerden senagat ähmiýetli kükürtsiz tebigy gazyň akymy alyndy. Häzirki wagtda «Türkmengaz» döwlet konserniniň ylmy-barlag instituty tarapyndan täze açylan ýatagyň gorlaryny hasaplamak işleri alnyp barylýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary...

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komiteti özara hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini maslahatlaşar

23-nji maýda Aşgabatda Türkmen-ýapon ykdysady komitetiniň nobatdaky mejlisi geçiriler. Duşuşygyň gün tertibine uly mümkinçilikleri bolan özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da berkitmegiň we ösdürmegiň meseleleri giriziler. Bu barada anna güni geçirilen hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hasabat berdi. Mejlisiň dowamynda döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek, şol sanda göni işewür gatnaşyklary ýola goýmak, dürli...

«Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» žurnalynyň 2019-njy ýyldaky ikinji sany çapdan çykdy

«Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» žurnalynyň — türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilýän pudaklaýyn döwürleýin neşiriň şu ýylyň başyndan bäri ikinji sany çapdan çykdy. Neşiriň täze sany «Nebitgaz pudagy: özgertmeleriň ýyl ýazgysy» rubrikasy bilen başlanýar. Onda ýylyň başyndan bäri möhüm saparlar — Bahreýniň Patyşasynyň, Koreýa Respublikasynyň Türkmenistana saparlary, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Gazpromyň» ýolbaşçysy, «ARETI»...

«Gazprom eksport» we «Türkmengaz» DK arbitražyň tamamlanýandygy hakynda ylalaşyga gol çekdi

«Gazprom eksport» AGPJ we «Türkmengaz» DK 2019-njy ýylyň 31-nji ýanwarynda arbitraž çözlüşmeleriň tamamlanýandygy hakynda ylalaşyga gol çekdi we degişli habarnamany arbitraž tribunala iberdi. Bu barada «Gazpromyň» saýtynda ýerleşdirilen çärýeklik hasabatda beýan edilýär. Ýatlap geçsek, 2009-njy ýyla çenli «Gazprom» türkmen gazynyň iň iri satyn alyjysydy. Ol ýylda 40 milliard kub metr gaz import edýärdi. Şu döwürde «Gazproma»...

ÝB Owganystanda parahatçylyk ýola goýmaklygy öz içine alýan Merkezi Aziýa üçin strategiýany kabul etdi

Ýewropa komissiýasy we ÝB-niň daşary işler boýunça ýokary wekili Federika Mogerini çarşenbe güni Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa döwletleri bilen hyzmatdaşlygynyň strategiýasy hakynda resminama kabul etdi. «Esasy üns iki ugurda jemlener: durnuklylygy güýçlendirmek üçin — Merkezi Aziýa döwletleriniň içerki we daşarky tolgunmalara durnuklylygy we özgertmeleri kabul edip bilmekleri üçin hyzmatdaşlyk, şeýle hem ykdysady döwrebaplygy we ýaşlara gönükdirilen...

GDA döwletleriniň alymlary täze Beýik Ýüpek bolunyň ösüş mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

15-nji maýda Aşgabatda öz işine başlan GDA döwletleriniň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumynyň çäklerinde geçirilen panel diskussiýasyna gatnaşyjylar täze Beýik Ýüpek bolunyň ösüş mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar, diýip ORIENT habar berýär. — Häzirki wagtda hut täze Beýik Ýüpek ýoly hakynda gürrüň etmeli. Çünki ol Aziýanyň möhüm orun eýelejek mümkin bolan täze dünýä tertibiniň nusgasy bolup durýar –...

Astrahanda Birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan brifing geçirildi

Ýakynda Russiýanyň Astrahan şäherindäki Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan ş.) konsullygy Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Eýranyň diplomatlary bilen bilelikde 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlap brifing geçirdiler, diýip «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär.   Brifinge Astrahan oblastynyň Halkara we daşary ykdysady...

Ýerewanda Hazarda köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Ýerewan döwlet uniwersitetinde (ÝDU) «Hazar deňzi - mümkinçilikleriň deňzi» atly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan Ýerewan döwlet uniwersiteti bilen bilelikde gurnalan maslahat 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanyldy, diýip ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär. Dabaraly çärä Ermenistanda akreditirlenen daşary ýurtlaryň we halkara gurmalarynyň diplomatik...

Türkmenistanyň Prezidenti we GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Arkalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna 2019-njy ýylda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada gelen GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewiň arasynda geçirilen duşuşykda Arkalaşygyň çäklerinde ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. Myhman GDA-nyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň Arkalaşygyň çäklerinde ynsanperwer hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge...

Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek GDA-nyň ileri tutýan ugurlarynyň biridir — Sergeý Lebedew

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary S.N.Lebedew Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşykda 2019-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň gatnaşyjy-döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda möhüm ähmiýete eýedigini nygtady, diýip Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. Myhman şeýle hem Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň Arkalaşygyň ileri tutulýan wezipeleriniň biri bolup durýandygyny belläp geçdi. Duşuşygyň...

Türkmenistan we Eýran özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge ýykgyn edýär — DIM

13-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Aşgabada iş sapary bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhammad Jawad Zarif bilen duşuşyk geçirildi, diýip ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. Gepleşikleriň barşynda taraplar derwaýys meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwerlik ulgamlarynda özara bähbitli türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ösdürilmegi boýunça tagallalaryny tassykladylar....

Türkmenistanyň Prezidenti we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçysy ulag, ýangyç-energetika toplumynda we Hazarda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifi kabul etdi. Myhman Türkmen Liderine öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň aýdan mähirli salamyny ýetirdi. Olar ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmäge ýokary gyzyklanma bildirýändigini nobatdaky gezek tassykladylar. Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly döwletiň ýolbaşçylaryna özüniň iň oňat arzuwlaryny aýdyp, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary bilen berkidilen...

Eýranyň DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýollaryny maslahatlaşar

Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif ikitaraplaýyn gatnaşyklar, şeýle hem sebit meseleleri boýunça gepleşikleri geçirmek üçin Türkmenistana geljek wekiliýete ýolbaşçylyk eder. Bu barada ORIENT habarlar agentligi Eýranyň HBS-lerine salgylanyp habar berýär. Türkmenistandan Eýrana gaz ibermekligi dikeltmek — mümkin bolan temalaryň hatarynda durýar. Eýran metbugatynyň berýän habarlaryna görä, resmi saparyň dowamynda Eýranyň DIM-niň ýolbaşçysy...

2014