Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti Gyýanlydaky GHT-niň tehnologiýalary bilen tanyşdy

Gyýanlydaky gazhimiýa toplumynyň açylyş dabarasynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow düwmäni basmak arkaly polimer zawodyny işe girizdi we zawodda ornaşdyrylan tehnologiýalar bilen tanyşdy. Bahasy 3 milliard 400 million amerikan dollaryna deň bolan bu taslama “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan daşary ýurtly hyzmatdaşlar — “LG International Corp”, “Hýundai Engineering” (Koreýa Respublikasy), şeýle hem “TOYO Engineering Corporation” (Ýaponiýa) kompaniýalary bilen bilelikde...

Gyýanlydaky gazhimiýa toplumy daşary ýurt guramalarynyň sertifikatlary bilen sylaglandy

Türkmenistan senagatda, şol sanda nebitgaz, elektrik energetikasy we himiýa pudaklarynda döwrebap, ekologiýa taýdan howpsuz we serişde tygşytlaýan döwrebap tehnologiýalary ulanmaga uly üns berýär. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň kenarýaka zolagynda Gyýanlyda gazhimiýa toplumynyň açylyş dabarasynda belledi. Dabaranyň dowamynda täze önümçilik toplumynyň netijeliligini, innowasionlygyny we ekologiýa howpsuzlygynyň tassyklaýan şahadatnamalary gowşurmak çäresi geçirildi. Täze toplumyň önümçilik kuwwaty ýylda...

Gyýanlyda täze polimer zawodynyň açylyş dabarasy başlandy

Şu gün irden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda tebigy gazdan polietilen we polipropilen öndürýän Gyýanly gazhimiýa toplumynyň açylyş dabarasy başlandy. Bu toplum sebitde önümçilik kuwwaty ýylda 5 milliard kub metr tebigy gazy gaýtadan işlemäge, 381 müň tonna ýokary dykyzlykly polietilen, 81 müň tonna polipropilen we içerki hem-de daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan...

Gurbanguly Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýewi Türkmenistana resmi sapar bilen gelip görmäge çagyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meselelerini maslahatlaşdy. Iki ýurduň Liderleri döwletara gatnaşyklaryň okgunly depginini kanagatlanma bilen bellediler. Bu gatnaşyklar gadymdan gözbaş alýan doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna daýanyp, mazmun taýdan ýylsaýyn baýlaşýar. Söhbetdeşligiň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewe Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň...

Kabulda TOPH gaz geçirijisi boýunça forum açyldy

15-nji oktýabrda Kabulda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyna bagyşlanan sergi açyldy. Sergi hususy taraplary bu iri möçberli taslama gatnaşmaga çekmeklige bagyşlandy. TOPH-nyň sergi komiteti taslama gatnaşyjy döwletlerde sergi görkezişlerini geçirmek üçin Owganystanda döredildi. Bu çäre ilkinji gezek geçirildi. Tolonews owgan saýtynyň habar berşi ýaly, oňa 20 sany kompaniýa gatnaşdy. Komitetiň...

Pudak maslahatynda ÝET-niň 2018-nji ýylyň 9 aýynyň jemleri jemlenildi

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Myratgeldi Meredowyň ýolbaşçylygynda nebitgaz toplumynyň kärhanalarynda 2018-nji ýylyň geçen dokuz aýynda edilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat maslahaty geçirildi. Maslahatyň başynda wise-premýer M.Meredow Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Ykdysadyýet we maliýe pudaklarynyň ösüşini dolandyrmak müdirliginiň ýolbaşçysy Akjeren Allanurowa söz berdi. Ol öz çykyşynda Halk Maslahatynyň çözgüdine laýyklykda, geljek...

Hökümet mejlisinde ÝET ulgamynyň 2018-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlary boýunça jemleri jemlendi

Geçen anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2018-nji ýylyň 9 aýy boýunça Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijeleri jemlendi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny” ýerine ýetirmegiň barşy, gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda amala aşyrylan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hususan-da, habar berlişi ýaly, nebitiň gaz...

Nebit gymmatlaýar: «Brent» - $81,4, «WTI» - $72,08

15-nji oktýabrda irden nebitiň dünýä boýunça bahalary 1 göterimden gowrak gymmatlady. Moskwa wagty bilen 8:32-de «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 1,21 göterim ýokarlanyp, 81,4 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 1,04 göterim gymmatlap, 72,08 amerikan dollaryna barabar boldy. Amerikan senatorlary «Magnitskiniň aktynyň» çäklerinde Saud Arabystanyna garşy çäklendirmeleri girizmek meselesini goýdular. Bu...

Türkmenistan we ÝB energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi meýilleşdirýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Energetika bileleşigi Ýewropa Komissiýasynyň Başlygynyň Orunbasary Maroş Şewçowiç bilen duşuşygynda Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi (ÝB) bilen energetika ulgamynda özara gatnaşygyny işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär. Brýusselde şol gün şeýle hem ÝB-niň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili Federika...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri polietilen we polipropilen satyn aldylar. BAE-den we Owganystandan gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýa Federasiýasyndan, BAE-den, Türkiýeden, Serbiýadan, Estoniýadan, Pakistandan, Owganystandan, Ukrainadan, Özbegistandan we...

Kenarda nebit önümlerini guýmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamy işe giriziler

Kenar nebit önümlerini saklamak we ýüklemek boýunça kärhanasynda awtomatlaşdyrylan estakady ulanyşa girizmek boýunça işler tamamlanyp barýar. «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiriniň habar berşi ýaly, oktýabr aýynyň ikinji ýarymynda onuň işe girizilmegi bilen kärhana bir günde bir wagtda 28 demir ýol sisternalaryny doldurmaga mümkinçilik alar. Bu ulgam ýeňil nebit önümlerini demir ýol sisternalaryna guýmak prosesini kompýuter...

Türkmenistanyň we Owganystanyň pudaklaýyn ministrlikleri TOP elektrik geçirijisiniň taslamasy boýunça ylalaşyga gol çekdiler

Aşgabatda Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň arasynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) elektrik geçirijisiniň taslamasy boýunça ylalaşyga gol çekildi. Mälim bolşy ýaly, täze energiýa köprüsiniň binýadynyň düýbüniň tutulyş dabarasy Türkmenistanyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň we Hindistan Respublikasynyň döwlet we Hökümet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda 2018-nji ýylyň fewral aýynda...

Yslamabatda parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde TOPH gaz geçirijisiniň ähmiýeti bellenilip geçildi

Yslamabatda geçirilen «Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň sebitdäki strategiki ähmiýeti» atly okuw maslahatynda hindi we pakistan wekilleri parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde TOPH gaz geçirijisiniň ähmiýetini belläp geçdiler. Okuw maslahatynda eden çykyşynda Pakistanyň Parlament işleri boýunça Döwlet ministri Muhammad Ali Hansebitde parahatçylyk we sazlaşyk başlangyçlaryny öňe sürmegiň wagtynyň gelendigini belledi. Ministriň belleýşi ýaly, Pakistan sebitde parahatçylyk isleýär,...

Pakistan TOPH taslamasyny durmuşa geçirmeklige 2018-nji ýylyň dekabrynda başlar

Pakistan Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmeklige 2018-nji ýylyň dekabrynda başlar. Bu barada Measac syýasy meseleleri öwreniş merkeziniň direktory Abdul Rahman Bilal Sitara-e-Jurat sişenbe güni Yslamabatda geçirilen “Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň sebitdäki strategiki ähmiýeti” atly okuw maslahatynyň çäklerinde belledi, diýip «Pakistan Observer» habarlar agentligi belledi. Ol şeýle hem TOPH...

Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçihanasy TOPH taslamasyna bagyşlanan okuw maslahatyny geçirdi

Pakistanyň paýtagty Yslamabatda ýerleşýän “Islamabad Club” köpmaksatly dabaralar jaýynda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy Pakistanyň “Measae” syýasy meseleleri öwreniş merkezi bilen bilelikde “Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň sebitdäki strategiki ähmiýeti” atly okuw maslahatyny geçirdi, diýip Türkmenistanyň DIM-i habar berýär. Bu çärä hormatly myhman hökmünde Pakistanyň Parlament işleri boýunça Döwlet ministri Muhammad Ali Han, “Measae” syýasy meseleleri öwreniş...

2014