Habarlaryň arhiwi (2017-12-8)

Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky konwensiýanyň taslamasy turba geçirijileri gurmak meselelerini öz içine alýar

Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky konwensiýanyň taslamasy Transhazar turba geçirijilerini gurmak meselelerini hem öz içine alýar. Bu barada Azerbaýjanyň daşary işler ministriniň orunbasary Halaf Halafow habar berdi, diýip Trend belleýär. Onuň aýtmagyna görä, Transhazar turba geçirijilerini gurmak meselesi bu turba geçirijileriniň geçiriljek döwletleri bilen ylalaşylar. Ýatlap geçsek, 5-nji dekabrda Moskwada Hazarýaka döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy...

Gazagystan Azerbaýjanyň üsti bilen gazy eksport etmek üçin TGS zawodyny gurmagy meýilleşdirýär

Gazagystan gazy Azerbaýjanyň üsti bilen beýleki ýurtlara eksport etmek maksady bilen tebigy gazy suwuklandyryjy (TGS) zawody gurmak mümkinçiligine garaýar. Bu barada ýurduň energetika ministri Kanat Bozumbaýew Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça azerbaýjan-gazak ikitaraplaýyn hökümetara toparyň mejlisiniň netijeleri boýunça brifingde habar berdi. «Gazagystanda tebigy gazyň çykarylyşy ýylyň-ýylyna artýar. Şu ýyl 50 mlrd kub metrden gowrak gaz çykaryldy. Gazyň Hazaryň...

Nebitiň bahalary durnukly: «Brent» - $62,20, «WTI» - $56,66

2017-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Moskwa wagty bilen 8:06-da «Brent» söwda belgili nebitiň barreliniň bahasy penşenbe güni ýapylyşdaky ýaly, 62,20 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,05 göterim arzanlap, 56,66 amerikan dollaryna barabar boldy. 7-nji dekabrda nebit uzakly gün gymmatlady, agşam bolsa çarşenbe güni tehniki taýdan düzedişiň çäklerinde düýpli aşaklamadan soňra ösüşini güýçlendirdi. 7-nji dekabrda...

Türkmenistanyň DIM-inde ÝB bilen hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmagyň meseleleri maslahatlaşyldy

2017-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropa bileleşiginiň Russiýa Federasiýasy, Gündogar hyzmatdaşlygy, Merkezi Aziýa, Sebitleýin hyzmatdaşlygy we ÝHHG boýunça Ýewropa gullugynyň daşary syýasat işi boýunça Direktoratynyň ýolbaşçysy Lýuk Pýer Dewiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň gün tertibine ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň meseleleri goşuldy. ÝB-niň institutlary we döwletleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekde Türkmenistanyň...

2014