Habarlaryň arhiwi (2017-12-6)

Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy

2017-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Aşgabatda  «Türkmenistan-ÝB» bilelikdäki komitetiniň nobatdaky 17-nji mejlisinde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda ikitaraplaýyn özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň ugry boýunça pikir alşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda bellenilýär. Mejlise gatnaşmak üçin Ýewropa bileleşiginden Russiýa Federasiýasy, Gündogar hyzmatdaşlygy, Merkezi Aziýa, Sebitleýin hyzmatdaşlygy we daşary syýasat işiniň Ýewropa gullugyndaky ÝHHG-niň boýunça Direktoratynyň ýolbaşçysy...

Türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy

2017-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen türkmen–awstriýa bilelikdäki toparynyň dokuzynjy mejlisinde ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmegiň geljegi maslahatlaşyldy, diýlip Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berilýär. Mejlisde türkmen tarapyndan Türkmenistanyň söwda senagat edarasynyň başlygy, awstriýa tarapyndan Awstriýa Respublikasynyň ylym, barlaglar we ykdysady Federal ministrliginiň daşary ykdysady gatnaşyklar boýunça baş direktory Frans Wessig başlyklyk etdi. Öňki ýetilen ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine...

Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky gepleşiklerde birnäçe resminamalara, şol sanda Türkmenistanyň öňe süren resminamalaryna seredip geçmek meýilleşdirilýär

RF-iň DIM-iniň ýolbaşçysy Sergeý Lawrow Gazagystanda geçiriljek Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitinde Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýadan başga-da, ara alyp maslahatlaşmak üçin dürli ugurlara degişli birnäçe resminamalara, şol sanda Türkmenistanyň öňe süren resminamalaryna hem seredilip geçilmegine garaşýar. «Türkmenistanyň başlangyjy boýunça ulag ulgamynda özara gatnaşyklar hem-de ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara ylalaşyklary taýýarlamak boýunça işler ýokary depginde alnyp...

Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň ileri tutulýan ähli düzgünleri boýunça çözgütler tapyldy — Lawrow

«Hazar bäşliginiň» DIM-leriniň ýolbaşçylary 20 ýyldan gowrak wagtlap işlenen Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň ileri tutulýan ähli düzgünleri boýunça ylalaşyk gazandylar, resminamanyň teksti indiki ýyl geçiriljek sammitde RF-iň Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň döwlet Baştutanlary tarapyndan gol çekilmäge taýýar diýen ýaly, diýip RF-iň DIM-iniň ýolbaşçysy Sergeý Lawrow belledi. Bu barada Interfaks habar berýär. «Bu resminamany...

2014