Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow geçen anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde geljek ýyl — 2018-nji ýyl — It ýyly, Wepalynyň ýyly barada durup geçdi. Prezidentiň belleýşi ýaly, ýyldyz hasapçylary iti parasatly, adalatly, üşükli jandar hasap edýärler. Onuň wepalydygyny, oňşuklydygyny belleýärler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany ýetip gelýän ýylyň geçen ýyla garanyňda has durnukly hem-de sazlaşykly boljakdygy...