OPEC+ ylalaşygy öz wezipesini amala aşyrdy diýen ýaly — Aleksandr Nowak

OPEC+ ylalaşygy öz dünýäniň nebit pudagyndaky ýagdaýy kadalaşdyrdy. Bu barada Russiýanyň energetika ministri Aleksandr Nowak aýtdy.

«Meniň pikirimçe, bu ylalaşyk bahalaryň aşaklan wagtynda, hatda 2016-njy ýylyň dekabrynda 27 dollara ýetende çökgünlik ýagdaýyny kadalaşdyrmak wezipesini doly ýerine ýetirdi diýen ýaly. Nebitiň çykarylyşyny 1,8 mln barrel möçberde çäklendirmek boýunça dogry çözgüt kabul edildi. Bu çözgüt dünýäniň nebit bazarynda onuň artykmaçlygyny aradan aýyrdy we ýagdaýy kadalaşdyrmaga ýardam etdi» diýip Ria Nowosti Nowagyň sözlerini getirýär.

OPEC we gurama girmeýän döwletler 2016-njy ýylyň ahyrynda Wenada nebitiň çykarylyşyny şol ýylyň oktýabrdakysyndan jemi günde 1,8 mln barrel, şol sanda 300 müň barrel Russiýa çäklendirmegi ylalaşdylar. 2017-nji ýylyň noýabrynda OPEC+ ýurtlary ylalaşygy 2018-nji ýylyň ahyrynda çenli uzaltmagy ylalaşdylar.

2018-nji ýylyň iýun aýynda OPEC+ ylalaşygy ýerine ýetirmek maksadyndan el çekdi. Russiýanyň we Saud Arabystanynyň energetika ministrleriniň düşündirişi ýaly, nebitiň çykarylyşynyň günde 1 mln barrele çenli, şol sanda Russiýada 200 müň barrele çenli artmagyny aňladýar.

 

Meňzeş täzelikler

2014