Özbegistan TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna gatnaşar

Özbegistan Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyna gatnaşmagy meýil edýär. Bu barada Prezident Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçiren gepleşikleriniň jemleri boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip beýan etdi.

Ş.Mirziýoýewiň belleýşi ýaly, hususan-da, bu mesele Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistana döwlet saparynyň çäklerinde maslahatlaşyldy.

«TOPH — ägirt uly taslama, ol Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmaga ýardam eder. Özbegistan bu taslama gatnaşar we biz bu mesele boýunça pikirleriň umumylygyny gazanarys» diýip, Özbegistanyň Prezidenti belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Ş.Mirziýoýew TOPH taslamasyna gatnaşmak meseleleri boýunça amalyýetde gepleşikleri başlamaka maksady bilen Özbegistanyň wekiliýetiniň ýakyn wagtda Aşgabada iberiljekdigini belledi.

Belläp geçsek, TOPH gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygyna 2015-nji ýylyň dekabrynda badalga berildi. 2018-nji ýylyň fewralynda gaz geçirijiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berildi. Gaz geçirijiniň ýyllyk kuwwaty 33 mlrd kub metre barabardyr. Ýerüsti kömekçi infrastrukturasy bilen bilelikde ony 2019-njy ýylyň dekabrynda işe girizmek meýilleşdirilýär.

TOPH taslamasy Türkmenistana gaz eksportuny diwersifikasiýalaşdyrmaga, Owganystana, Pakistana we Hindistana bolsa ýangyç çig malyna bolan artýan islegleri kanagatlandyrmaklaryna kömek eder.

«Türkmengaz» döwlet konserni «TAPI Pipeline Company Limited» konsorsiumynyň lideri bolup durýar. Konsorsiuma şeýle hem Owgan gaz korporasiýasy, Pakistanyň «Inter State Gas Systems (Private) Limited» we Hindistanyň «GAIL» kompaniýalary girýär.

Meňzeş täzelikler

2014