Ýewroparlament ÝB-niň Geňeşi bilen gaz direktiwasyna düzedişler girizmek boýunça gepleşikleri geçirmäge taýýar

Ýewroparlament (ÝP) ÝB-niň Geňeşi degişli çözgütleri kabul edenden soňra, onuň bilen gaz direktiwasyna düzedişler girizmek boýunça gepleşikleri geçirmäge taýýar. Bu barada parlamentiň habarynda aýdylýar.

Relizde bellenilişi ýaly, ÝP-niň energetika, senagat we barlaglar boýunça geňeşi tarapyndan tassyklanan tekstiň esasynda parlament geňeş bilen gepleşikleri geçirer. Relize laýyklykda, gepleşiklere bu komitetiň ýolbaşçysy Ýeži Buzek ýolbaşçylyk eder.

2017-nji ýylyň noýabrynda ÝG ÝB-niň Gaz direktiwasyna üýtgetmeler girizmegi teklip etdi. Onuň maksady — ÝB-niň energetiki kanunçylygynyň esasy kadalary Ýewropa Bileleşiginiň çäklerindäki käbir gaz geçirijilerine däl-dä, eýsem, üçünji ýurtlara hem degişli bolmagyny gazanmak. Hususan-da, bu hili kadalara degişli — gazy daşamak üçin diskriminasion bolmadyk ýagdaýda bellenen nyrh meýilnamalary, üçünji ýurtlaryň «mawy ýangyç» almaga bolan mümkinçiligi. Gazy satmak we ibermek boýunça borçnamalary paýlaşmak. Häzirlikçe, bu kadalar gaz geçirijileriň deňiz böleklerine degişli däldir.

Ýewrokomissiýa täze kadalaryň işe girizilen ýagdaýynda, olaryň diňe geljekdäki gaz geçirijilerine däl-de, eýsem, öň hereket edýänlerine hem degişli bolmagyny teklip etdi. Muňa garamazdan, kadadan çykma mehanizmleri hem bar. Şeýlelikde bu üýtgeşmeler öňden hereket edýän «Demirgazyk akym» we döredilýän «Demirgazyk akym – 2» gaz geçirijileriniň işine hem degişli bolup biler.

ÝP-niň geňeşi mart aýynyň ahyrynda bu tekst boýunça öz garaýyşlaryny işläp düzdi we birnäçe üýtgeşmeleri teklip etdi. Indi ÝB ýurtlarynyň Geňeşdäki wekilleri ÝK tarapyndan teklip edilen kanunçylyk resminamasy boýunça biragyzdan ylalaşyk gazanmaly, diýip Ria Nowosti habar berýär.

Haçan-da bu amala aşyrylanda ÝB-niň Geňeşi we Ýewroparlament kanunçylyk taslamasynyň kompromis görnüşini tapmak boýunça gepleşikleri başlarlar. Eger-de kompromis görnüş tapylsa, onda ol hem ÝP bilen Geňeşiň tassyklamasyna degişli bolar. Diňe bu işler edilenden soňra resminama güýje girip biler.

Meňzeş täzelikler

2014