Nebitiň bahalary ýokarlanmagyny dowam edýär: «Brent» - $73,94, «WTI» - $68,87

19-njy aprelde Londonyň «ICE Futures» biržasynda «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,63 göterim ýokarlanyp, 73,94 amerikan dollaryna, şeýle-de Nýu-Ýorkuň «NYMEX» haryt biržasynda «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,58 göterim ýokarlanyp, 68,87 amerikan dollaryna barabar boldy.

ABŞ-da harytlyk ýangyç ätiýaçlyklarynyň garaşylmadyk ýagdaýda aşaklamagy baradaky maglumatlar netijesinde nebitiň bahalary soňky üç ýyldan gowrak wagtdan bäri iň ýokary derejesini täzeläp, ýokarlanmagyny dowam edýär, diýip Finmarket habar berýär.

Mundan başga-da, bazar OPEC-iň monitoring geňeşiniň we gurama girmeýän birnäçe döwletleriň nebit çykarylyşyny çäklendirmek boýunça Saud Arabystanynda 19-20-nji aprelde geçiriljek mejlisine garaşýar.

 

Meňzeş täzelikler

2014