Türkmenistanyň Prezidenti we Kuweýt Döwletiniň Premýer-ministri türkmen-kuweýt hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar

Resmi sapar bilen Kuweýtde bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Kuweýt Döwletiniň Premýer-ministri Jaber Al-Mubarak Al-Hamad Al-Sabahyň geçiren duşuşygynda türkmen-kuweýt gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy hem-de meýilleşdirilýän ugurlary barada pikir alyşdylar. Özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly kuwwatyň bardygy bellenip, iki ýurduň arasynda ykdysady we medeni gatnaşyklary ýola goýmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen tarapynyň şu sapara Türkmenistan bilen Kuweýt Döwletiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki zaman taryhynyň möhüm tapgyry hökmünde baha berýändigini, onuň ikitaraplaýyn esasda hem-de Birleşen Milletler Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara düzümleriň we beýlekileriň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmaga gönükdirilendigini belledi.

Türkmenistanyň milli ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirýän strategiýasynyň işewür gatnaşyklary ýola goýmak üçin oňaýly şertleri döredýändigi bellenildi. Senagat düzümini mundan beýläk-de ösdürmegiň, ýokary tehnologiýalary we öňdebaryjy gazanylanlary ornaşdyrmagyň hasabyna pudagyň ýangyç serişdelerini çykarýan we gaýtadan işleýän kuwwatlyklarynyň artdyrylmagy bu strategiýanyň esasy ugry bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, Kuweýt Döwletiniň premýer-ministri türkmen Lideriniň başlangyçlaryny doly goldaýandygyny aýdyp, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň, Türkmenistandan Owganystana demir ýoluň gurluşygynyň taslamalarynyň sebitiň ýurtlary üçin ägirt uly ähmiýetini nygtady.

Jaber Al-Mubarak Al-Hamad Al-Sabah Merkezi Aziýa sebitinde möhüm orun eýeleýän Türkmenistanyň häzirki wagtda bütin dünýäde geljegi uly we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde kabul edilýändigini belläp, Kuweýtiň işewür toparlarynyň amala aşyrylýan taslamalara giňden gatnaşmaga taýýardygyny aýtdy. Maýa goýumlary, söwda, gurluşyk we beýleki pudaklar möhüm ulgamlaryň hatarynda görkezildi.

Duşuşygyň barşynda sergileri guramak baradaky teklip aýdyldy, geljekki hyzmatdaşlar — döwlet hem-de hususy düzümleriň arasynda ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam edýän yzygiderli işewür duşuşyklary hem-de işewürler maslahatlaryny geçirmegiň maksada laýyklygy nygtaldy.

Türkmen Lideri esasy arap kompaniýalarynyň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň hem-de tejribesiniň milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnamany durmuşa geçirýän Türkmenistanda gerek boljakdygyny belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedow we Kuweýt Döwletiniň Premýer-ministri ynsanperwer ulgamda ikitaraplaýyn gatnaşyklary hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmagyň wajypdygyna degip geçip, ylym-bilim, medeni ulgamlarda hem-de syýahatçylyk we sport ugry boýunça gatnaşyklary giňeltmegiň wajypdygyny bellediler.

 

Meňzeş täzelikler

2014