Türkmenistan we Kuweýt ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň toplumyna gol çekdiler

13-nji martda El-Kuweýtde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Kuweýt Döwletiniň Emiri — Şeýh Sabah Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabahyň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň toplumyna gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Hususan-da, Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-kuweýt toparyny döretmek hakynda; Diplomatik we gulluk/ýörite pasportlaryň eýeleri üçin wiza talaplaryny ýatyrmak hakynda; Ykdysady we tehniki hyzmatdaşlyk hakynda; Söwda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyklara gol çekildi.

Şeýle hem ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Kuweýt Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Arap ykdysady ösüşi üçin Kuweýt gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Mundan başga-da, «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «Kuwait Petroleum Corporation» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Sungat we medeniýet ulgamynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Kuweýt Döwletiniň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga gol çekildi.

Taraplar şeýle hem Türkmenistanyň Hökümeti bilen Arap ykdysady ösüşi üçin Kuweýt gaznasynyň arasyndaky tehniki ýardamy bermek hakyndaky bilelikdäki resminamany kabul etdiler.

Meňzeş täzelikler

2014