Halkara Zenanlar güni mynasybetli dabaralar geçirildi

Halkara Zenanlar gününiň öňüsyrasynda «Nebitgazhyzmat» ÝGPJ-niň Medeni-işewürlik merkezinde «Zenanlar — durmuşyň güli» atly baýramçylyk konserti geçirildi. dabaraly çäre Türkmenistanyň nebitgaz senagaty toplumynyň Kärdeşler Arkalaşygy tarapyndan gurnaldy.

Dabaraly konsertde Medeni-işewürlik merkeziniň medeniýet we sungat ussatlary çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda türkmen halkynyň enä, gelin-gyzlara, uýalara bolan çuňňur hormat, mähir duýgularyny beýan etdiler, ata-babalarymyzyň zenanlaryň mertebelerini gorap saklamak baradaky aýdanlaryny aýdymlaryna siňdirdiler.

8-nji marta bagyşlanan dabaraly çäre şeýle hem Halkara nebit we gaz uniwersitetinde geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ýokary okuw mekdebinde bilim alýan we zähmet çekýän ähli zenanlara pul baýraklary gowşuryldy.

Halkara Zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary şu günler Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ähli kärhanalarynda, şeýle hem ýurdumyzyň ähli künjeginde giňden bellenilýär.

Meňzeş täzelikler

2014