Hazarýaka döwletleri Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakynda Konwensiýanyň taslamasyny ylalaşdylar

Hazarýaka döwletleri Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakynda Konwensiýanyň taslamasyny ylalaşdylar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň resmi saýtynda anna güni neşir edilen habarda aýdylýar.

«Moskwada Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýanyň işläp düzmek boýunça ýörite iş toparynyň 50-nji mejlisi geçirildi. Ol Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň çözgütlerini durmuşa geçirmeklige gönükdirilendir» diýlip RF-iň daşary syýasat edarasynyň habarynda aýdylýar.

Mejlise Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň netijeleri boýunça Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky konwensiýanyň taslamasy ylalaşyldy we bäşinji Hazar sammitinde ony gol çekmek üçin gysga wagtda taýýar etmek üçin  Konwensiýanyň taslamasynyň rus, pars we iňlis dillerindäki tekstleriniň deňeşdirmesi geçirildi.

Şeýle hem wekiller 2003-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwalaýyn konwensiýanyň serhetara çygyrda daşky gurşawa täsiri bahalandyrmak boýunça Ähtnamanyň taslamasyny ylalaşmak boýunça gepleşikler prosesiniň tamamlanandygyny bellediler.

Ýörite iş toparynyň indiki mejlisi Gazagystanda geçiriler.

Meňzeş täzelikler

2014