Nebitiň bahalary ýokarlanýar: «Brent» - $64,55, «WTI» - $61,45

2018-nji ýylyň 5-nji martynda Moskwa wagty bilen 7:54-de «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,3 göterim ýokarlanyp, 64,55 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,3 göterim gymmatlap, 61,45 amerikan dollaryna barabar boldy.

2-nji martda Londonyň «ICE Futures» biržasynda «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,8 göterim gymmatlap, 64,37 amerikan dollaryna, şeýle-de Nýu-Ýorkuň «NYMEX» haryt biržasynda «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,4 göterim ýokarlanyp, 61,25 amerikan dollaryna barabar boldy.

Meňzeş täzelikler

2014