Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň birinji sammitine gatnaşar

Türkmenistanyň wekiliýeti şu ýylyň martynda Gazagystanyň paýtagtynda geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň birinji sammitine gatnaşar. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji martda geçirilen hökümet mejlisinde habar berdi.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, ozal gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, öňde boljak foruma Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşar.

Belläp geçmeli zatlaryň biri hem, Merkezi Aziýa döwletleriniň Liderleriniň bu duşuşygy resmi sammitiň çäklerinde ilkinji duşuşykdyr. Muňa çenli sebitiň döwlet Baştutanlary resmi däl formatda: ikitaraplaýyn, üçtaraplaýyn, halkara düzümleriň we guramalaryň, şol sanda, GDA, ŞHG, YHG we beýlekileriň çäklerinde duşuşýardylar.

 

Meňzeş täzelikler

2014