Daşkentde Türkmenistan bilen Özbegistanyň hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň meseleleri maslahatlaşyldy

2018-nji ýylyň 1-2-nji martynda Daşkentde geçirilen Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 14-nji mejlisinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berlişi ýaly, maslahatyň işine gatnaşmak üçin özbek paýtagtyna wise-premýer B. Annameredowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň wekiliýeti geldi. Duşuşyga iki ýurduň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda 2018-2020-nji ýyllarda Ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda şertnamany durmuşa geçirmek jähtinden ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.

Şeýle hem ulag -üstaşyr ulgamda özara hereketi işjeňleşdirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman ulag geçelgesi hakynda şertnamalaryň wajyplygy nygtaldy, şeýle hem Türkmenabat-Farap awtomobil we demir ýol köprüleriniň işe girizilmeginiň ykdysady taýdan netijeliligine ýokary baha berildi, ol iki ýurduň üstaşyr mümkinçiliginiň artmagyna ýardam edýär we Transkawkaz ulag geçelgesi arkaly daşalýan ýükleriň möçberini artdyrmak üçin amatly şertler döredýär.

Taraplar medeniýet, ylym, sungat we sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge ygrarlydygyny tassykladylar.

Forumyň meýdançasynda iki döwletiň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşyklary geçirildi. Mejlisiň netijesi boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.

Daşkente saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetini Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew kabul etdi. Duşuşygyň barşynda syýasy-diplomatik, energetika, söwda-ykdysady, ulag we ynsanperwer ulgamlarda özara hereketleri giňeltmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň işewür gurluşlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçilikleri hakynda pikir alşyldy.

Türkmen wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow bilen duşuşyk geçirdi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar sebit we halkara syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar, şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmäge çemeleşmeleri ylalaşdylar. Abraýly halkara guramalarynyň we gurluşlarynyň çäklerinde özara hereketleriň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Saparyň barşynda türkmen wekiliýeti Daşkendiň oba hojalyk tehnikasyny öndürýän zawodyna we demir ýol ýolagçylar wagonlaryny abatlamak boýunça zawoda baryp gördüler, şeýle hem Özbegistanyň ilkinji Prezidentiniň ýadygärligine gül desselerini goýdular.

Meňzeş täzelikler

2014