Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Şweýsariýadan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen yşyklandyryjy kerosini satyn aldylar. Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri tehniki kükürde (“Türkmengaz” DK) isleg bildirdiler. Mundan başga-da, daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Türkiýeden we beýleki ýurtlardan gelen telekeçilere aýna, nah ýüplük, egirme önümleriniň galyndylary, pagta süýümi ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 176 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýa Federasiýasynyň we Türkiýäniň işewürleri jemi bahasy 6 million 145 müň manatdan gowrak arassalanan pagta ýagyny, nah ýüplügi, matalaryň galyndylaryny satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 27 müň manatdan gowrak pagta süýümini satyn aldylar.

Meňzeş täzelikler

2014