ÝET-niň 2018-nji ýylyň 2 aýynyň jemleri jemlenildi

Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Maksat Babaýewiň ýolbaşçylygynda nebitgaz toplumynyň kärhanalarynda 2018-nji ýylyň geçen iki aýynda edilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat maslahaty geçirildi.

Maslahatyň dowamynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, «Nebitgazhyzmat» ÝPJ-niň we pudak ylmy institutynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri ýerine ýetirilen işler hem-de 2018-nji ýyl üçin meýilnamalar boýunça hasabat bilen çykyş etdiler.

Hasabatlarda şeýle hem «Türk­me­nis­ta­nyň ne­bit­gaz se­na­ga­ty­ny ös­dür­me­giň 2030-njy ýy­la çen­li dö­wür üçin mak­sat­na­ma­sy­nyň» ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da habar berildi. Hususan-da, Ne­bi­ti gaz kon­den­sa­ty bi­len çy­kar­mak, ýan­gyç çig ma­ly­ny gaý­ta­dan iş­le­mek, ben­zin, di­zel ýan­gy­jy­ny, po­lip­ro­pi­le­ni, çal­gy ýag­la­ry­ny we beý­le­ki ne­bit önüm­le­ri­ni, su­wuk­lan­dy­ry­lan, te­bi­gy we ugur­daş ga­zy ön­dür­mek, “ma­wy ýan­gy­jy” da­şa­ry ýurt­la­ra iber­mek, ma­ýa go­ýum­la­ry­ny öz­leş­dir­mek ba­bat­da ga­za­ny­lan teh­ni­ki-yk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­ler ba­ra­da ha­bar be­ril­di.

Degişli ýolbaşçylar Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy ba­ra­da hem ha­sa­bat ber­diler. Onuň gur­lu­şy­gy bel­le­ni­len möh­let­le­re la­ýyk­lyk­da al­nyp ba­ryl­ýar.

Maslahatdyň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gazyň ylmy-barlag institutynyň we «Türkmennebit» döwlet konserniniň nebit ylmy-taslama institutynyň ýolbaşçylary geçirilýän ylmy-barlag işleri dogrusynda hasabat berdiler.

Şeýle hem «Nebitgazhyzmat» ÝPJ-niň ýolbaşçylary hasabat bilen çykyş etdiler. Hasabatlary diňläp, wise-premýer M.Babaýew hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak we kärhananyň täze iş ugurlaryny döretmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Hasabat duşuşygynyň ahyrynda wise-premýer ýurduň ykdysadyýetiniň durnukly ösmeginde nebitgaz toplumynyň möhüm ornuny nygtap, Prezidentiň öňde goýan maksatlaryny we tabşyryklaryny öz wagtynda ýerine ýetirmekligiň her bir işgär üçin ilkinji nobatdaky wezipedigini nygtady.

 

Meňzeş täzelikler

2014