Türkmenistan energetika hyzmatdaşlygy meselelerine möhüm ähmiýet berýär - Prezident

Çarşenbe güni Türkmenistanyň Pre­zi­den­ti­ Gurbanguly Berdimuhamedow iş sa­pa­ry bi­len Ma­ry we­la­ýa­ty­na ug­ra­dy, bu ýer­de Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň göç­me mej­li­si­ni ge­çir­di. Mej­li­siň bar­şyn­da ýurduň içerki syýasatynyň, hususan-da, energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ulgamynda mö­hüm me­se­le­le­r ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.

Şu babatda Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry M.Ba­ba­ýe­we «Türk­me­nis­ta­nyň ne­bit­gaz se­na­ga­ty­ny ös­dür­me­giň 2030-njy ýy­la çen­li dö­wür üçin Mak­sat­na­ma­sy­ny» ama­la aşyr­ma­gyň bar­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şeý­le hem Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň tas­la­ma­sy bo­ýun­ça Ýol­baş­çy ko­mi­te­tiň Ma­ry şä­he­rin­de ge­çi­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ri­len 25-nji mej­li­si­niň gün ter­ti­bi ha­kyn­da ha­sa­bat ber­di. Tas­la­ma gat­na­şy­jy ýurt­la­ryň hem-de Azi­ýa ösüş ban­ky­nyň we­ki­li­ýet­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ril­jek mej­lis­de hyz­mat­daş­ly­gyň teh­ni­ki, hu­kuk we ma­li­ýe ugur­la­ry bi­len bag­la­ny­şyk­ly bir­nä­çe me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­mak göz öňün­de tu­tul­ýar.

Pre­zi­den­t Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, TOPH hal­ka­ra gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy­nyň aý­ra­tyn äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­nyň bel­leý­şi ýa­ly, bu gaz­ ge­çi­ri­ji hä­zir­ki za­man gaz-ulag dü­zü­mi­niň mö­hüm bö­le­gi bo­lar, Türk­me­nis­tan bu dü­züm­le­ri mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň dür­li pu­dak­la­ry­nyň bar­ha art­ýan is­leg­le­ri­ni, şeý­le hem dün­ýä ba­za­ryn­da ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ne is­leg­le­ri ha­sa­ba al­mak bi­len döw­re­bap­laş­dyr­ýar we ös­dür­ýär.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­letiň Li­de­ri­ ýur­du­my­zyň ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­ny ok­gun­ly ös­dür­mek we­zi­pe­le­ri­ne ün­si çek­di. Bu me­se­le­le­riň oňyn çö­zül­me­gi ýur­du­my­zyň top­lum­la­ýyn se­na­gat­laş­dy­ryl­ma­gy­na hal­ka­ra ba­zar­la­ryn­da bäs­deş­li­ge ukyp­ly önüm­çi­lik­le­riň möç­ber­le­ri­niň art­dy­ryl­ma­gy­na, ne­ti­je­de, Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na, ila­tyň aba­dan­çy­lyk de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na ýar­dam be­rer.

Döw­let Baş­tu­ta­ny ne­bit­gaz se­na­ga­ty­nyň önüm­çi­lik dü­züm­le­ri­niň mun­dan beý­läk-de döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy, ýur­du­my­zyň ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dy­ryl­ma­gy, şol san­da hä­zir­ki za­man gaz­hi­mi­ýa kär­ha­na­la­ry­ny gur­ma­gyň ha­sa­by­na ös­dür­mek bo­ýun­ça wi­se-prem­ýe­re bir­nä­çe tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Mejlisiň barşynda şeýle hem elektroenergetika pudagyny, ulag we telekommunikasiýalar ulgamyny ösdürmek, bu ugurda halkara sebit taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler dogrusynda habar berildi.

Mil­letiň Li­de­ri­ Türk­me­nis­tan üçin aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bo­lan ener­ge­ti­ka hyz­mat­daş­ly­gy ba­ra­da­ky me­se­le­le­re ün­si çe­kip, ener­gi­ýa akym­la­ry­ny di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­ma­gyň ile­ri tu­tul­ýan stra­te­gi­k ugur bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Hä­zir­ki wagt­da ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­ne we ola­ry iber­me­giň se­riş­de­le­ri­ne deň­hu­kuk­ly, bök­denç­siz we ke­pil­len­di­ri­len el­ýe­ter­li­li­giň me­se­le­le­ri­niň äh­lu­mu­my ge­ri­me eýe bo­lan­dy­gy­ny aý­dyp, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz äh­lu­mu­my ener­ge­ti­ka howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek ba­ra­da ýur­du­my­zyň ne­ti­je­li baş­lan­gyç­la­ry­nyň şol mak­sa­dy ga­zan­ma­ga gö­nük­di­ri­len­di­gi­ni bel­le­di.

Habar berlişi ýaly, 23-nji few­ral­da en­çe­me mö­hüm çä­re­le­r — Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy­nyň no­bat­da­ky tap­gy­ry­nyň, Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan elekt­rik ge­çi­ri­ji ul­ga­my­nyň hem-de op­ti­ki-sü­ýüm­li ara­gat­na­şyk ul­ga­my­nyň düý­bü­ni tut­mak, şeý­le hem Ser­he­ta­bat — Tur­gun­dy tä­ze de­mir ýo­lu­ny aç­mak my­na­sy­bet­li da­ba­ra­la­r geçiriler.

 

Meňzeş täzelikler

2014