TOPH: türkmen gazy Hindistan bilen Pakistanyň arasyndaky gatnaşyklary ysnyşdyrmaga ýardam eder

23-nji fewralda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan magistral gaz geçirijisiniň taryhynda nobatdaky möhüm waka bolar — bu taslamany iş ýüzünde durmuşa geçirmek bilen baglylykda Türkmenistan turba geçirijiniň gurluşygy boýunça estafetany goňşy Owganystana geçirer.

Garaşylyşy ýaly, dabaranyň çäklerinde dört ýurduň wekilleri Merkezi we Günorta Aziýanyň arasynda 1840 kilometrlik energetika magistralyny geçirmek işinde mundan beýläkki ösüşi üpjün etmeklige gönükdirilen söwda şertnamalaryny resmileşdirmek proseslerini tamamlarlar, diýip ORIENT habarlar agentligi habar berýär.

Göni maksadyndan — türkmen energiýa serişdelerini Owganystandaky, Pakistandaky we Hindistandaky sarp edijilere ýetirmekden başga-da, TOPH taslamasyny hindi-pakistan gatnaşyklaryny ýokary derejede kadalaşdyrmak boýunça netijeli maksatnama diýip aýtmak bolar.

TOPH turba geçirijisiniň gazy Hindistan bilen Pakistanyň arasyndaky gatnaşyklary ysnyşdyrmaga we bu iki goňşy döwletleriň arasyndaky dartgynlylygy gowşatmaga nähili ýardam edip biler?

Pakistanda hem, Hindistanda hem duş gelýän ýiti energetika ýetmezçiligi iki ýurduň hem ykdysady taýdan ösmegine täsirini ýetirýär. Şeýlelikde BP-niň hünärmenleri ortaça 1,6 göterim ösüş depginde 2035-nji ýylda Hindistanda tebigy gazyň sarp edilişiniň 162 göterim artmagyny çaklaýarlar. Şunuň bilen birlikde, tebigy gazdan peýdalanmaklyk energetiki sebetdäki nebit ýa-da kömür ýaly gazylyp alynýan baýlyklaryň beýleki görnüşlerinden öňe geçer.

Pakistanda bolsa elektrik üpjünçiligindäki bökdençlikler hroniki häsiýete eýe boldy. Mundan başga-da, energiýa ýetmezçiligi senagat önümçiliginde hem oňaýsyz netijelerini berýär. Ýerli kadalaşdyryjy düzümleriň soňky maglumatlaryna laýyklykda, 2019-2020-nji ýyllarda gündelik gaz ýetmezçiligi 113 million kub metrden geçip biler.

Şeýlelikde, energetika howpsuzlygy we TOPH gaz geçirijisi boýunça durnukly energiýa geçirilişini ýola goýmaklyk Pakistan bilen Hindistanyň özara gyzyklanma bildirýän ulgamyna öwrülip biler. Özara gatnaşyklarda ykdysady bähbitler we gyzyklanmalar esasy rol oýnanda bolsa, adatça düşünişmezlikler aradan aýrylýar.

TOPH-nuň kömegi bilen iki döwlet özara gatnaşyklaryň geljegi uly ýene-de bir ugruna — Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly kadalaşdyrmak boýunça umumy tagallalar ugruna eýe bolup bilerler. Çünki tutuş energetika geçelgesiniň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin bu ýurtda parahatçylyk we asudalyk örän zerurdyr.

Şeýlelikde TOPH Pakistan bilen Hindistanyň parahatçylygyň, dostlugyň we ösüşiň hatyrasyna bilelikde hereket edip başlamagy üçin energiýa köprüsi bolmagy üçin ähli mümkinçiliklere eýedir.

 

Meňzeş täzelikler

2014