Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

19-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda mähriban döwletimiziň içeri syýasatynyň möhüm ugurlaryna we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Mejlisde döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ähli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň 2018-nji ýyl üçin durmuş-ykdysady görkezijileriniň meýilnamasyny, maliýe-ykdysadyýet we bank ulgamynyň, oba hojalyk, senagat, ulag-aragatnaşyk toplumlarynyň, gurluşyk, energetika we jemagat hojalygynyň, medeniýet, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň, arhiw işi we jemgyýetçilik guramalary, Daşary işler ministrligi boýunça, şeýle hem paýtagtymyzy hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryny ösdürmegiň 2018-nji ýyl üçin Iş meýilnamalaryny makullady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew öz nobatynda milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça taýýarlanylan nebitgaz pudagynyň 2018-nji ýyl üçin Iş meýilnamasy barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, esasy tehniki-ykdysady görkezijiler – tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşy, “mawy ýangyjyň” eksport edilişi, nebit we gaz kondensatynyň çykarylyşy, ýangyç çig malynyň gaýtadan işlenilişi we benziniň öndürilişi baradaky görkezijiler beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen resminamany umuman makullap, ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylaryndan nebitiň we gazyň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberlerini artdyrmak, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän nebithimiýa önümleriniň öndürilişini ýokarlandyrmak hem-de nebitgaz pudagynyň çig mal binýadyny pugtalandyrmak, täze uglewodorod ýataklaryny senagat taýdan çalt özleşdirmek üçin bar bolan mümkinçiliklerden doly peýdalanmagy talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz pudaga daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça işleri işjeňleşdirmegi, iri energetika taslamalarynyň durmuşa geçirilmegini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary hasabatynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň Saud Arabystany Patyşalygyna 2016-njy ýylyň maý aýynda bolan resmi saparynyň barşynda gazanylan ylalaşyga laýyklykda, Saud Arabystanynyň ösüş gaznasy tarapyndan berilýän maýa goýumlary barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze binýadyny kemala getirmek, ählumumy durnukly ösüş üçin şertleri döretmek babatda möhüm ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly,  TOPH gaz geçirijisiniň gurulmagy sebitiň ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berer, durmuş hem-de ynsanperwer häsiýetli meseleleri çözmäge, parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam eder. Bu gaz geçirijisi arkaly Günorta-Gündogar Aziýanyň iri ýurtlaryna tebigy gaz uzakmöhletleýin esasda iberiler. Eýýäm şu ýyl turbageçirijiniň owgan böleginiň, şeýle hem täze ýangyç geçirijiniň düzüminiň bölegine öwrüljek beýleki birnäçe desgalaryň gurluşygyna girişiler.

Saud Arabystanynyň ösüş gaznasy tarapyndan berlen maýa goýumlary  daşary ýurtly maýadarlaryň TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna uly gyzyklanma bildirýändigine şaýatlyk edýär. Olar bu taslamanyň derwaýyslygyna hem-de kuwwatyna, onuň bähbitliligine ýokary baha berýärler. Türkmenistanyň durmuşa geçirýän “açyk gapylar” syýasaty, milli ykdysadyýetimiziň durnuklylygy, ýurdumyzda amatly maýa goýum ýagdaýynyň bolmagy bu babatda oňyn ýagdaý bolup hyzmat edýär.

Türkmenistan we Saud Arabystany tebigy serişdeleriň ägirt uly gorlaryna eýe bolan döwletleriň hataryna girýär. Munuň özi ýangyç-energetika ulgamynda, şeýle hem beýleki pudaklarda döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin amatly şertleri döredýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.  

Mejlisde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pakistan Yslam Respublikasyna we Hindistan Respublikasyna bolan iş saparlarynyň netijeleri, şeýle hem türkmen wekiliýetiniň Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament birleşiginiň musulman zenan parlamentarileriniň maslahatyna hem-de bu halkara düzümiň Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherinde geçirilen 13-nji mejlisine gatnaşandygy barada habar berildi.

31-nji ýanwar – 2-nji fewral aralygynda Aşgabat şäherinde senagat önümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada habar berildi. Sergide tehnologik enjamlar, gurluşyk serişdeleri, himiýa, energetika, nebitgaz senagaty hem-de azyk kärhanalary üçin awtoulaglar we tehniki serişdeler görkeziler. Durmuş tehnikasyny, dokma senagaty, saglygy goraýyş ulgamy üçin enjamlary  öndürýän kompaniýalar hem-de ylym we kosmos tehnologiýalary, ulag we logistika pudaklarynda işleýän, söwda hyzmatlaryny hem-de maslahatlary berýän kärhanalar öz gazananlary bilen tanyşdyrar.

Türkmen halysynyň baýramyny we Dokma senagaty işgärleriniň gününi - “Türkmen halysynyň we dokma senagatynyň işgärleriniň gününi” maý aýynda şanly sene  hökmünde bellemek hakynda çözgüt kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine taýýarlyk görmek barada görkezmeleri berdi, onda 2017-nji ýylyň jemleri jemleniler. Döwlet Baştutanymyz wise-premýerlere şu günki garalan hem-de umuman makullanylan “Türkmenistan—Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilen şu ýylda pudaklary ösdürmegiň meýilnamalaryny öz gözegçilik edýän ulgamlarynda ýene bir gezek seljermegi hem-de tassyklamagy tabşyrdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

TDH-niň habarlary esasynda taýýarlanyldy.

Meňzeş täzelikler

2014