Kuweýtiň nebit ministrligi: dekabr aýynda OPEC+ ylalaşygy 125 göterim ýerine ýetirildi

Nebit çykarylyşyny çäklendirmek boýunça OPEC+ ylalaşygyna girýän döwletler dekabr aýynda ylalaşygy 125 göterim ýerine ýetirdiler. Bu barada metbugat maslahatynda Kuweýtiň nebit, suw serişdeleri we elektroenergetika ministri Bahit ar-Raşid aýtdy, diýip Rus Nebitgaz habarlar agentligi habar berýär. «Ylalaşygy ýerine ýetirmekligiň derejesi garaşyşymyzdan has ýokary boldy we dekabr aýynda 125 göterime ýetdi» diýip ol käbir ýurtlaryň nebit çykarylyşyny çäklendirmek boýunça meýilnamany artygy bilen ýerine ýetirendigini aýtdy.

«Biz Omanda geçiriljek monitoring komitetiniň mejlisinde ylalaşykdan çykmagyň strategiýasyny maslahatlaşmagy meýilleşdirmeýäris. Iýun aýynda biziň duşuşygymyz bazar ýagdaýyna, ylalaşygyň ýerine ýetirilişine gönükdiriler.» diýip, onuň aýdanlaryny TASS getirýär. Nebitiň ýokary bahalarynyň bolmagy ylalaşygyň şertlerine täsir edýärmi diýlip soralanda, ol şeýle jogap berdi: «Biz ylalaşygy ýerine ýetirmegiň tarapdar. Biz bahalara däl-de, üns bilen bazara syn edýäris».

Öňräk, RF-iň energetika ministri Aleksandr Nowagyň belleýşi ýaly, nebitiň bahalarynyň ýokarlanmagy ylalaşyga howp salmaýar. Onuň sözlerine görä, Russiýa ilkinji nobatda isleg bilen teklibiň deňagramlylygyna üns berýär, bahalar esasy zat däl. Onuň şeýle hem belleýşi ýaly, Energetika ministrligi bahalaryň ençeme ýyldan soň ilkinji gezek 70 dollardan geçendigine garamazdan, 2018-nji ýylda nebitiň barreliniň bahasynyň 50-60 dollar boljakdygy hakyndaky çaklamasyny saklaýar.

Meňzeş täzelikler

2014