Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentine Gündogar Hytaý deňzinde bolup geçen heläkçilik zerarly gynanç hatyny iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhana Gündogar Hytaý deňzinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna getiren Eýranyň nebit tankeriniň heläkçiligi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanynyň gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna çuňňur gynanjy hem-de medet beriji sözleri hatda beýan edildi.

Daşary ýurt HBS-leriniň habar berşi ýaly, heläkçilik şenbe güni 6-njy ýanwarda agşam Gündogar Hytaý deňzinde Hytaýyň kenarlaryndan 160 mil uzaklykda bolup geçipdir. Hanwha TOTAL Co koreý kompaniýasy tarapyndan kärendesine alnan tanker Eýranyň Milli nebit kompaniýasyna degişli kondensat daşap barýardy we hytaý gämisi bilen çaknyşykdan soň ot alyp başlady.

Eýranyň Hökümeti nebit tankeriniň 32 sany ekipažynyň aradan çykandygyny tassyklady. olaryň içinde – 30 sany eýranly we 2 sany Bangladeşiň raýaty bardy. Ýük gämisinde bolan adamlar (21 adam) halas edildi.

Meňzeş täzelikler

2014