Ýewropa Hazaryň düýbi boýunça turba geçiriji geçirmek boýunça synanyşyklaryny dowam edýär

Merkezi Aziýadan Ýewropa bazarlaryna «mawy ýangyç» iberiljek Transhazar gaz geçirijisi «Günorta gaz geçelgesi» taslamasynyň möhüm bölegidir. Garaşylyşy ýaly, Ýewrokomissiýa Hazar gündogar kenaryndan Azerbaýjanyň üsti bilen Ýewropa gazy ibermekligiň şertleri bilen şu ýyl has işjeň meşgullanar. Bu barada Haqqin.az azerbaýjan habarlar-analatik we monitoring portaly habar berýär.

Nebit barlaglary merkeziniň ýolbaşçysy Ilham Şabanyň pikirine görä, bular çaly çaklama üçin ýeterlik ynandyryjy esas bar. Hazaryň asty düýbi boýunça gaz geçiriji çekmek barada 20 ýyldan gowrak wagt bäri gürrüň edilýär, ýöne eger 90-njy ýyllarda bu pikiri durmuşa geçirmeklige hususy kompaniýalar garşy çykan bolsa, soňra oňa Ýewropa komissiýasy üns berip başlady.

«Bu halkara guramasynyň birnäçe gezek belläp geçişi ýaly, ÝB gazyň getirilmeginiň ýollaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň çäklerinde Azerbaýjanyň üsti bilen bolşy ýaly, Hazaryň sag kenaryndan hem gazyň getirilmegi amala aşyryp boljak mümkinçilik hökmünde görülýär.

Şunuň bilen birlikde Ýewrokomissiýa gaz satjak ýurtlary hem anyk görkezdi: Gazagystan, Türkmenistan we Özbegistan» - diýip Şaban haqqin.az habar berdi.

Neşiriň belleýşi ýaly, 2015-nji ýylda Azerbaýjan, Türkmenistan we Türkiýe daşary syýasat edaralarynyň derejesinde energetika hyzmatdaşlygy boýunça topar döretdiler we şol toparyň agzalary her ýylda duşuşyp bu ugurda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşýarlar.

2018-nji ýylda «Günorta gaz geçelgesi» taslamasynyň ahyrky nokady ÝB zolagynda bolan birinji tapgyry işe giriziler. Bu waka Türkmenistan bilen birlikde, Gazagystanda hem gyzyklanma döretdi. hökümetara toparyň ýakynda geçirilen mejlisinde Gazagystanyň energetika ministriniň belleýşi ýaly, Astana Azerbaýjanyň üsti bilen, şol sanda suwuklandyrylan görnüşde tankerler arkaly öz gazyny dünýä bazarlaryna çykarmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär.

«Merkezi Aziýadan ÝB gaz ibermek pikirini durmuşa geçirmekde iň wajyp zat — bu hem Azerbaýjanyň territoriýasynda Hazaryň köp mukdardaky gazyny iri bazarlara ugratmak üçin infrastrukturanyň eýýäm gurlanlygydyr. Häzir ynam bilen aýdyp bolar, 2020-nji ýyldan başlap Ýewropa bazarlaryna ilkinji Hazar gazy ugradylyp başlanar, soňra bolsa bu ugry tapgyrlaýyn giňeltmek prosesi ýola goýlar». Şonuň üçin hem daşary bazarlara çykarmak üçin ýeterlik möçberde gazy bolan ýurtlar, şeýle hem geljekde ony eksport etmegi meýilleşdirýän ýurtlar (Ysraýyl, Yrak) «Günorta gaz geçelgesi» taslamasyna goşulmagyň mümkinçiliklerini öwrenip başladylar.

Galyberse-de, Ýewrokomissiýanyň wise-prezidenti Maroş Şefçowiç eýýäm indiki aýda Baku barmagy we «Günorta gaz geçelgesi» taslamasynyň Konsultatiw geňeşiniň 4-nji mejlisine gatnaşmagy meýilleşdirýär, diýip neşir belleýär.

Meňzeş täzelikler

2014