Nebitiň bahalary dürlüçe bahalandyrylýar: «Brent» - $66,54, «WTI» - $60,38

2018-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,05 göterim aşaklap, 66,54 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,02 göterim gymmatlap, 60,38 amerikan dollaryna barabar boldy.

Eýrandaky wakalaryň netijesinde 2015-nji ýylyň ortasyndan bäri iň ýokary derejesini täzeläninden soňra 2-nji ýanwarda nebitiň dünýä boýunça bahalary pese düşüp başlady. Şol gün «Brent» söwda belgili nebitiň bahalary 2015-nji ýylyň maýyndan bäri ilkinji gezek barreli üçin 67,29 dollara deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy o,13 göterim aşaklap, 60,34 dollara deň boldy. Nebitiň iki söwda belgili kysmy hem 2014-nji ýyldan bäri ilkinji gezek täze ýyly 60 dollar görkezijiden ýokarda başladylar.

«Gara altynyň» bahalarynyň ýokarlanmagyna getiren esasy şerti hökmünde täze ýylyň ilkinji iş günüde Eýranda — iri nebit çykarýan we eksport edýän ýurtda düzgün bozmalaryň bolmagydyr, diýip Ria Nowosti habar berýär.

Meňzeş täzelikler

2014