Minara meýdançasynda tebigy gazyň senagat akymy alyndy

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» müdirliginiň işgärleri tarapyndan Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň çäklerinde ýerleşen Minara meýdançasynda burawlanan üçünji gözleg guýusyndan tebigy gazyň senagat ähmiýetli akymy alyndy.

Onuň taslama çuňlugy 4750 metre barabardyr. Guýynyň gündelik debiti — 1 million kub metr gaza barabardyr.

Häzirki wagtda müdirligiň hünärmenleri guýynyň tebigy serişdeleriniň ätiýaçlyklaryny, himiki we beýleki aýratynlyklaryny öwrenmeklerini dowam edýärler.

Minara meýdançasynyň dünýä belli «Galkynyş» ägirt uly gaz känine golaý ýerleşmegi täze meýdançanyň geljeginiň uludygyndan habar berýär.

Öňräk, «Lebapnebitgazgözleg» müdirliginiň işgärleri tarapyndan Mary welaýatynyň Bagly meýdanynda geçirilen gözleg işleriniň netijesinde tebigy gazyň has hem kuwwatly senagat akymynyň alynmagy ýurdumyzyň uglewodorod serişdelerini gözlemekde gözlegçileriň yhlasly işleýändigine şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny ösdürmäge berýän goldawy netijesinde «Türkmengeologiýa» DK-nyň önümçilik-tehniki binýady barha berkidilýär. Soňky ýyllarda buraw enjamlarynyň aglaba bölegi daşary ýurtlaryň iň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň häzirki zaman kuwwatly enjamlary bilen çalşyldy.

Önümçilige ornaşdyrylýan häzirki zaman tehnikalary we täze tehnologiýalar çuňlaşdyrylan buraw işlerini alyp barmakda her aýdaky meýilnamalary üstünlik ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa, öz gezeginde Türkmenistanyň gazylyp alynýan uglewodorod serişdelerini artdyrmaklyga möhüm goşantdyr.

Meňzeş täzelikler

2014