Türkmenistan nebitiň we gazyň nyrhlarynyň durnukly pese düşmegine uýgunlaşmagy başardy — Gurbanguly Berdimuhamedow

Tebigy gazy iri öndüriji bolup durýan Türkmenistan çylşyrymly daşarky şertlere, şol sanda nebitiň we gazyň nyrhlarynyň durnukly pese düşmegine hem-de söwda boýunça hyzmatdaşlary bolan ýurtlarda ykdysady işjeňligiň peselmegine uýgunlaşmagy başardy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň geçen ýyldaky iň soňky mejlisinde belledi.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetinde çylşyrymly ýagdaýlar dowam edýär. Halkara pul gaznasynyň 2017-nji we 2018-nji ýyllar üçin dünýä boýunça jemi içerki önümiň ösüşi babatdaky çaklamasynyň gowulanýandygyna garamazdan, käbir ýurtlarda ykdysadyýet örän haýal ösýär.

Şunuň bilen baglylykda, bolup geçýän özgertmeleri göz öňünde tutup, biz kabul eden maksatnamalarymyzy öz wagtynda ýerine ýetirmek we mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň pese düşmegine ýol bermezlik üçin, zerur bolan çäreleri gördük diýip, döwlet Baştutany belledi.

Şunuň bilen baglylykda, biz soňky bir-iki ýylyň dowamynda birnäçe çäreleri gördük diýip, milli Lider sözüni dowam etdi. Döwlet maýa goýumlaryny azaltdyk. Walýutanyň hümmetini kem-kemden peseltdik hem-de jemagat hojalygynyň hyzmatlary üçin bahalary bir gezek ýokarlandyrdyk. Şeýle hem, milli önümçilik binýadymyzy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirdik.

Tebigy gazyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak, täze turba geçirijileri gurmak, nebithimiýa senagatyny ösdürmek boýunça giň gerimli meýilnamalary kabul etdik. Uglewodorod serişdelerinden beýleki tebigy baýlyklarymyzy çykarmak we gaýtadan işlemek, aýratyn-da, hususy pudagy we telekeçiligi goldamak babatda köp işleri göz öňünde tutduk diýip, döwlet Baştutany belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, geçirilen işleriň netijesinde, şu ýyl ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,5 göterim bolmagyna garaşylýar.

Görlen şol çärelerden başga-da, bu ösüşe tebigy gazyň daşary ýurtlara iberilýän möçberleriniň artmagy, giň gerim bilen amala aşyrylýan karz syýasaty we beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hem-de eksporty ösdürmek boýunça alnyp barylýan senagat syýasaty ýardam berýär. Şonuň bilen baglylykda, Döwlet býujetimiziň ýetmezçiligi iň pes derejede saklanyp galýar diýip, milli Lider belledi.

Döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, çaklamalara görä, puluň hümmetsizlenmegi hem durnukly ýagdaýda, takmynan, 6 göterim möçberde saklanar. Garaşylyşy ýaly, Döwlet býujeti hem girdejileriň we çykdajylaryň barabar möçberinde galar. Sebäbi, biz 2017-nji ýylda kabul eden ähli meýilnamalarymyzy we döwlet maksatnamalarymyzy ýerine ýetirdik.

2018-nji ýyl üçin gowy Döwlet býujetini kabul etdik. Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberini ýene-de 10 göterim ýokarlandyrdyk. Zähmet haklaryny tölemekde hem hiç hili mesele ýok, diýip Prezident belledi.

Ýakynda Türkmenistanda bolan Halkara pul gaznasynyň wekiliýeti bu ugurda geçirilýän işlere oňyn baha berdi. Ykdysady ulgamda kabul eden çözgütlerimiziň we saýlap alan ýolumyzyň dogrudygyny tassyklady diýip, döwlet Baştutany belledi.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, Lebap welaýatynda kaliý dökünlerini öndürýän iri kärhana, Amyderýanyň üstünden geçýän demir ýol we awtomobil köprüleri, ençeme beýleki zawodlar we desgalar işe girizildi. Umumy meýdany iki million inedördül metrden hem geçýän ýaşaýyş jaýlarynyň, köp sanly çagalar baglarynyň, mekdepleriň we lukmançylyk edaralarynyň, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda myhmanhanalaryň ulanmaga berilmegi bizi aýratyn-da begendirýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şu ýyl biz Olimpiýa şäherjiginiň binalar toplumynyň gurluşygyny tamamladyk diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary ýokary derejede guramaçylykly geçirildi. Bu Oýunlara görlen taýýarlyk ýurdumyzda sporty ösdürmäge güýçli itergi berdi.

Häzirki döwürde umumy bahasy 43 milliard amerikan dollaryna golaý bolan jemi 1660 desganyň gurluşygy alnyp barylýar diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Şu ýylyň jemlerine baha berenimizde, umuman, 2017-nji ýyl kynçylykly bolsa-da, Garaşsyz Watanymyz we mähriban halkymyz üçin gowy ýyllaryň biri boldy diýip, ynam bilen aýdyp bileris diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.

Döwlet Baştutany sözüni dowam edip, mejlise gatnaşyjylara 2018-nji ýylda hem ýurdumyzda örän möhüm bolan birnäçe çäreleriň geçiriljekdigini ýatlatdy.Olaryň hatarynda Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty, Halkara awtoralli ýaryşy, şeýle hem «Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan» halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyna başlamak ýaly çäreler bar, olaryň ählisi örän ýokary derejede geçirilmelidir.

«Türkmenistan–Owganystan–Pakistan– Hindistan» halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyna ünsi jemlemek bilen, milli Lider bu gaz geçirijiniň gurluşygyna gatnaşmaga we oňa öz maýa goýumlaryny goýmaga isleg bildirýän kompaniýalaryň köpdügini belledi.

Onuň gurluşygynyň meýilnama laýyklykda alnyp barylýandygyny görensoňlar bolsa, oňa gatnaşmak isleýänleriň sany has-da artar diýip pikir edýärin diýip, Prezident belledi.

 

Meňzeş täzelikler

2014