TANAP Merkezi Aziýadan, Ýakyn Gündogardan we Gündogar Ortaýerdeňzi sebitlerinden gaz iberijiler üçin energetika geçelgesini açar

Transanatoliý turba geçirijisiniň taslamasy (TANAP) Türkiýäniň sebitdäki strategik ähmiýetini artdyrar we Azerbaýjanyň gaz serişdeleriniň Ýewropa bazarlaryna çykarylmagyna ýardam etjek gaz energetik geçelgeleri açar. Bu barada TANAP konsorsiumynyň ýolbaşçysy Saltuk Dýuzýol aýtdy, diýip Tren agentligi habar berýär.

TANAP gruzin-türkiýe serhedinden Türkiýäniň günbatar serhetlerine çenli geçiriler. Transadriatik (TAP) gaz geçirijisi bilen bilelikde TANAP «Şah Deňiz» azerbaýjan gaz käninden Ýewropa gaz ugratmaklygy göz öňünde tutýan «Günorta gaz geçelgesi» taslamasynyň bir bölegidir.

Konsorsiumyň ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, TANAP Türkiýäniň energetika howpsuzlygynyň üpjün etmek hem-de geljekde energiýa bolan islegiň artmagyny kanagatlandyrmak ukyby boýunça amala aşyrylýan möhüm taslamalaryň biridir.

«Taslamanyň durmuşa geçirilýän döwründe gurluşyk işlerine, kömekçi hyzmatlaryny hödürlemek, turbalary öndürmek we beýleki ugurlarda işlere gönüden-göni ýa-da gytaklaýyn gatnaşýan 15 müňden gowrak iş orunlary dörediler. Şertnamalaryň aglaba bölegini türk potratçylary aldylar» diýip Trend onuň aýdanlaryny getirýär.

Konsorsiumyň ýolbaşçysynyň bellemegine görä, wagtyň geçmegi bilen Merkezi Aziýada, Ýakyn Gündogarda we Gündogar Ortaýerdeňzi sebitlerinde hem mümkin bolan gaz iberijiler bu ugur boýunça bazara çykalga alyp bilerler.

Garaşylyşy ýaly, TANAP turba geçirijisiniň başlangyç geçirijilik kuwwaty ýylda 16 mlrd kub metre deň bolar. Türkiýä 6 milliard kub metre golaý gaz iberiler, galany bolsa Ýewropa gider. Transadriatik turba geçirijini gurluşygy tamamlanandan soňra, gaz Ýewropa takmynan 2020-nji ýylyň başynda iberiler.

 

Meňzeş täzelikler

2014