Türkmenistanda Täze — 2018-nji ýyl dabaraly garşy alyndy

Türkmenistanlylar 2017-nji — Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylyny tamamlap, «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» şygary astynda geçiriljek Täze — 2018-nji ýyly uly umyt-arzuwlar bilen dabaraly garşyladylar.

29-njy dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde 2017-nji ýylyň jemlerini jemläp, Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, tebigy gazy iri öndüriji bolup durýan Türkmenistan çylşyrymly daşarky şertlere, şol sanda nebitiň we gazyň nyrhlarynyň durnukly pese düşmegine hem-de söwda boýunça hyzmatdaşlary bolan ýurtlarda ykdysady işjeňligiň peselmegine uýgunlaşmagy başardy. Tebigy gazyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak, täze turba geçirijileri gurmak, nebithimiýa senagatyny ösdürmek boýunça giň gerimli meýilnamalary kabul etdik. Uglewodorod serişdelerinden beýleki tebigy baýlyklarymyzy çykarmak we gaýtadan işlemek, aýratyn-da, hususy pudagy we telekeçiligi goldamak babatda köp işleri göz öňünde tutduk diýip, döwlet Baştutany belledi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, geçirilen işleriň netijesinde, şu ýyl ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,5 göterim bolmagyna garaşylýar.

Döwlet Baştutany sözüni dowam edip, mejlise gatnaşyjylara geljek ýylda hem ýurdumyzda örän möhüm bolan birnäçe çäreleriň geçiriljekdigini ýatlatdy. Olaryň hatarynda Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty, Halkara awtoralli ýaryşy, şeýle hem Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyna başlamak ýaly çäreler bar, olaryň ählisi örän ýokary derejede geçirilmelidir.

Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýyl — It ýyly, biziň üçin bolsa Wepalynyň ýyly. Nesip bolsa, it ýylynda biziň ähli ýollarymyz açyk bolar. Bu ýyl görlüp-eşidilmedik açyşlar ediler, ägirt uly taslamalar amala aşyrylar.

Baş arçanyň oturdylan ýeri bolan «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança Täze ýyl baýramçylygynyň esasy dabaralarynyň merkezine öwrüldi. Dabarany guraýjylar bu künjekde gyşky lybasa beslenen ertekilere çalymdaş şäherjigi döredipdirler. Onda köp öwüşginli yşyklandyryjylar, dürli bezeg serişdeleri we beýleki usullar ulanylypdyr.

Baýramçylyk agşamynda bu ýere Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, milli parlamentiň deputatlary, daşary ýurtlaryň biziň ýurdumyzdaky diplomatik missiýalarynyň baştutanlary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, köp sanly aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary ýygnandylar.

Teleköpriniň kömegi arkaly Aşgabatda geçirilýän Täze ýyl dabaralaryna ýeke-ýekeden ýurdumyzyň welaýatlary goşulýarlar. Şu gün sebitleriň edara ediş merkezlerindäki meýdançalarda köpöwüşginli Täze ýyl baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Olara welaýatlaryň estrada aýdymçylary we döredijilik toparlary hem-de köp sanly tomaşaçylar gatnaşdylar. Olaryň hatarynda hormatly ýaşulular, ak gyňaçly eneler, ýaşlar, oba adamlary we çagalar bar.

Täze ýyl gijesiniň baýramçylyk maksatnamasy belli estrada aýdymçylarynyň hem-de saz sahnasynyň ussatlarynyň gatnaşmagynda geçirilen konsert bilen dowam etdi, olar tomaşaçylary Täze ýyla, eziz Watanymyza hem-de Arkadaga bagyşlanan döredijilikleri bilen begendirdiler. Folklorlaryň esasynda hem-de häzirki zaman äheňlerinde aýdym-tansly çykyşlar görkezildi, gadymy aýdymlar we häzirki zaman aýdymlary ýerine ýetirildi.

Täze ýyla gadam basylmagyna birnäçe minut galanda, göni ýaýlymda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Oguz han» köşkler toplumyndan aýdan Täze ýyl Gutlagy tutuş halkymyza ýetirildi. Döwlet Baştutanymyz 2017-nji ýylyň jemlerini jemläp, halkymyzyň we ýurdumyzyň bähbidine ägirt uly işleriň geçirilendigini belledi. Köp sanly iri desgalar bina edildi, ykdysadyýetde iri möçberli özgertmeler geçirildi, saglygy goraýyş, sport, ylym we bilim täze derejä çykaryldy.

Biziň Garaşsyz döwletimiz geljekde hem oňyn Bitaraplyk we parahatçylyk söýüjilik ugruna eýermek bilen öňe gider diýip, Türkmen Lideri belledi.

Milletiň Lideri 2018-nji ýylyň şygary — «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» barada aýtmak bilen, bu ýoly üçünji müňýyllykda gaýtadan dikeltmekde ýurdumyzyň möhüm ornuny, şeýle hem Türkmenistanyň halkara giňişlikde syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň has-da ösmegine uly goşant goşýandygyny belledi.

Döwlet Baştutany Täze ýylda boljak uly we ähmiýetli wakalara geçip, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň birinji mejlisini geçirmegiň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy, onda biziň özygtyýarly Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň anyk ugurlary we ýollary kesgitleniler.

Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem halkymyzyň ýaşaýyş şertlerini, durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de gowulandyrmak maksady bilen, 1-nji ýanwardan başlap, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp hem-de diňleýji haklarynyň möçberleriniň ýene-de 10 göterim ýokarlandyryljakdygyny nygtady. Bu syýasaty biz geljekde hem yzygiderli dowam ederis diýip, milli Lider aýtdy.

Goý, Täze, 2018-nji ýyl berkarar Watanymyz we mähriban halkymyz üçin abadançylygyň, uly üstünlikleriň, bagtyýarlygyň ýyly bolsun diýip, döwlet Baştutany çykyşynyň ahyrynda ähli watandaşlarymyza Täze ýylda berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, agzybirlik we rysgal-bereket arzuw etdi.

Baýramçylyk feýerwerki «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň asmanyny dürli öwüşginler bilen bezedi.

Täze ýylyň baýramçylyk dabarasy Watanymyzyň ähli şäherlerini, obalaryny we dürli künjeklerini gurşap aldy. Seýilgählerde, konsert meýdançalarynda we açyk sahna hem-de teatr merkezlerinde guralýan aýdym-sazly çykyşlar şatlyk-şowhuna, köpöwüşginli baýramçylyk şuglalaryna beslendi.

 

Meňzeş täzelikler

2014