Gelýän ýyl has durnukly hem-de sazlaşykly bolar — Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow geçen anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde geljek ýyl — 2018-nji ýyl — It ýyly, Wepalynyň ýyly barada durup geçdi.

Prezidentiň belleýşi ýaly, ýyldyz hasapçylary iti parasatly, adalatly, üşükli jandar hasap edýärler. Onuň wepalydygyny, oňşuklydygyny belleýärler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany ýetip gelýän ýylyň geçen ýyla garanyňda has durnukly hem-de sazlaşykly boljakdygy barada pikirini aýtdy.

— Itiň ynsana örän wepaly we mähirli bolýandygyny biz bilýäris. Ol hemişe kömege taýýar. Kömege mätäçleri goraýar, garşydaşlary ýaraşdyrýar. Başa betbagtçylyk düşende güýçli duşmana berk garşy durýar, päliýamanlar, işýakmazlar, kezzaplar bilen haklaşýar – diýip Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

— Şeýle hem, it örän birahat jandar. Ol bütin ýylyň dowamynda asuda durmuşymyzyň goragynda durýar. Özi-de hemişe adalatyň tarapynda, eýesine hiç haçan ikilik etmeýär. Şoňa görä-de, biz it ýylynda ähli zatlaryň göwnejaý, talabalaýyk we adalatly boljakdygyna bil baglap bileris. It ýagdaýyň üýtgäp durmagyny halamaýan hem bolsa, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagy oňa ýaraýar diýip, döwlet Baştutany belledi.

Şunuň ýaly astrologiki çaklamalar täze ýylyň düşümli bolmagyna umyt döredýär. Sebäbi, it ýyly erjel we jepakeş adamlara üstünlik getirýär. Sylag-hormat, ýokary mertebe, döwletlilik we bagtyýarlyk olaryň hemrasy bolýar. It biziň ruhubelent, göwnaçyk, şadyýan bolmagymyza ýardam berýär. Ak göwünli, hoşniýetli jandar şöhrata kowalaşmaýar.

Indiki ýyl dostluk we dogruçyllyk rowaçlanar. Hatda bäsdeşlerimiz bilen alyp barýan gatnaşyklarymyzda hem biz yza tesmän, öňden gelýän kada-kanunlarymyza ygrarly bolmalydyrys. Sebäbi, it ýylynda hiç kim bizi aldap ýa-da ýalňyşdyryp bilmez. Täze ýylda islendik işiň başyna barlanda, oňa döredijilikli çemeleşmeli. Nesip bolsa, it ýylynda biziň ähli ýollarymyz açyk bolar. Bu ýyl görlüp-eşidilmedik açyşlar ediler, ägirt uly taslamalar amala aşyrylar. Zähmetsöýer we işjeň adam öz göwnüne laýyk iş bilen meşgullanar. Onuň işleri ugruna bolar.

Täze ýyl adamlaryň saglygy bilen bagly düýpli mesele döremez diýip pikir edýärin. Ýöne, ýaramaz endikleri welin taşlamaly bolar. Temmäki we alkogolly içgiler ýaly zyýanly zatlara köp pul harç etmeli bolmaz diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Indiki ýylda adamlar bilen hemişeki ýaly gowy gatnaşykda bolmaly. Şeýtsek, betniýetler golaýymyza-da gelip bilmez. Sebäbi, ýanymyzda Wepaly hem bar. Ol bolsa, ýagşylara ýagşy göz bilen garaýar. Şonuň üçin, özümizi ruhy taýdan kämilleşdirsek, ýagşylyk etsek, dostlukda ýaşasak, bähbitli bolar.

Täze ýyl bize bagt, söýgi hem-de eşretli durmuş getirer ýaly, şu kadalara eýermek zerur diýip hasap edýärin. Ilki bilen, durmuşda ownukçyl bolmaly däl. Hiç kime zelel ýetirmeli däl. Adamlara ynanmaly. Durmuş meselelerinde sabyr-kanagatly we parasatly bolmaly diýip, milletiň Lideri sözüni dowam etdi.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, it — öý jandary. 2018-nji ýylda maşgala gymmatlyklaryna, agzybirlige, mähriban öý-ojagymyza aýratyn hormat goýmaly. It ýylynda köp wagtyňy maşgala ojagyňa sarp etmeli. Ýakynlaryňa goldaw hem kömek bermeli.

Meňzeş täzelikler

2014