Türkmenistanyň Prezidenti we Kataryň Emiri döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde türkmen-katar hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar.

Döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejä eýedigini kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistanyň we Kataryň Baştutanlary özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti we Katar Döwletiniň Emiri ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere we geljekki meýilnamalara garadylar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda söwda-ykdysady ulgamda ýola goýulýan hyzmatdaşlyga möhüm ornuň degişlidigini aýdyp, iki ýurduň Liderleri däp bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň uly ähmiýetiniň bardygyny bellediler.

Birek-biregi ýetip gelýän Täze, 2018-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap we hoşniýetli arzuwlary aýdyp, iki ýurduň Liderleri türkmen-katar gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary bilen baglanyşykly meseleler babatda maslahatlaşdylar. Gürrüňdeşligiň ahyrynda iň gowy dostluk däplerine we taraplaryň hoşniýetli erkine daýanýan döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de berkidiljekdigine ynam bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani iki ýurduň halklaryna abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdiler.

Telefon gepleşigi katar tarapynyň başlangyjy bilen amala aşyryldy.

Ýatlap geçsek, 2017-nji ýylyň martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Katara döwlet saparyny amala aşyrdy. Gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň we Katar döwletiniň haryt dolanyşygynyň hem-de hyzmat görnüşleriniň möçberini artdyrmak, iki ýurduň ykdysady hyzmatdaşlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak barada bellenildi. Şeýle hem iki ýurduň döwlet we maliýe düzümleriniň, iri kompaniýalarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň zerurlygy barada aýdyldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow Kataryň iri maliýe we maýa goýum düzümlerini TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmäge çagyrdy.

Kataryň kompaniýalary Türkmenistanyň çäklerinde gazy gaýtadan işlemek boýunça zawodyň, nebithimiýasy we gazhimiýasy zawodlarynyň döredilmegine, Hazar deňziniň türkmen kenarynda amala aşyrylýan taslamalara, şeýle hem nebitgaz toplumy üçin enjamlar goýmaga gatnaşmaga çagyryldy.

Ýangyç-energetika ulgamy, ýokary tehnologiýaly nebit we gazhimiýa önümçiliklerini döretmek, ulag-aragatnaşyk hem-de beýleki ulgamlar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.

Meňzeş täzelikler

2014