Owganystan TOPH-yň durmuşa geçrilişini tizleşdirýär — TOLO news

2019-njy ýylda TOPH taslamasy durmuşa geçirilenden soňra, gaz şeýle hem turba geçiriji arkaly Owganystanyň sarp ediş merkezlerine hem geçiriler. Bu barada Owganystanyň TOLO news habarlar saýty belleýär.

Hususan-da, ýurduň Şahtalar we nebit ministrligine (MoMO) salgylanyp bellenilişi ýaly, TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilip başlanmagy bilen Owganystanyň hökümeti 2018-nji ýylda ýurtda Hyrat, Kandagar we Gilmend welaýatlarynda üç sany hereket edýän merkez döreder. Bu merkezler taslama boýunça gazyň owgan halkyna ýaýradylyşyna gözegçilik ederler.

Şol bir wagtda ykdysady teswirleýjileriň birnäçesiniň belleýşi ýaly, hökümet ilaty ýeterlik mukdarda gaz bilen üpjün etmek üçin ýurtda TOPH taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça zerur çäreleri görmeli.

«Üç ýerde operatiw-gaz paýlaýjy merkezler dörediler. Bu merkezler gazy ulgamlaýyn paýlarlar» - diýip Şahtalar we nebit ministrliginiň metbugat-gullugynyň wekili Abduldader Mutfi aýtdy.

Şol bir wagtda ykdysady teswirleýjiler adamlaryň taslamadan ýeterlik mukdarda gaza mümkinçilik almagy üçin has amatly hem-de işjeň maksatnamany düzmegi soradylar.

TOLO news-yň ýatlap geçişi ýaly, TOPH gaz geçirijisiniň Owganystanyň çäklerinde praktiki işleri 2018-nji ýylda başlanar, taslama 2019-njy ýylda ulanyşa girizler.

1814 kilometrlik turba geçiriji Türkmenistanyň gaz ýataklaryndan başlap, Owganystanyň we Pakistanyň üsti bilen Hindistana barar. Ol «Galkynyş» gaz käninden gözbaş alar.

Owganystanda TOPH turba geçirijisi Günbatar Owganuystanda Kandagar — Hyrat uly ýolunyň boýunda gurlar, soňra Lwettanyň we Multanyň üsti bilen Pakistanda gurlar. turba geçirijiniň ahyrky nokady Pakistan bilen Hindistanyň serhedinden uzakda bolmadyk hindi şäheri Fazilka bolar.

Meňzeş täzelikler

2014